Ï Türkmen sahna sungatynyň öçmez ýyldyzy Aman Gulmämmedowyň öýünde
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen sahna sungatynyň öçmez ýyldyzy Aman Gulmämmedowyň öýünde

view-icon 5107
Türkmen sahna sungatynyň öçmez ýyldyzy Aman Gulmämmedowyň öýünde
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Fotosuratçy Alekseý Gimalitdinow ikimiz Türkmenistanyň halk artisti Aman Gulmämmedowyň ogly Myrat Gulmämmedowlara myhmançylyga bardyk. Öýüň içi öňküligine saklanyp galypdyr. Bu ýere geleniňden meşhur artistiň ruhy dünýäsine aralaşan ýaly bolýarsyň. Bu ýerde türkmen sahna sungatynyň öçmez ýyldyzy Aman Gulmämmedow taýýarlyk geçerdi, dynç alardy we myhman kabul ederdi. Ol bu ýerde aýaly — Türkmenistanyň halk artisti, opera aýdymçysy Maral Gulmämmedowa we iki ogly bilen ýaşaýardy.

Häzirki wagtda Aman Gulmämmedowyň ady türkmenistanlylaryň arasynda täzeden aýaga galdy. Ýagny, Arkadag şäherinde açylan Döwlet drama teatryna onuň ady dakyldy. Munuň halk artistiniň ady dakylan ikinji teatrdygyny bellemek gerek. Birinjisi Aman Gulmämmedowyň adyny göterýän Ýaş tomaşaçylar teatrydyr. Onuň ady diňe teatrlara däl, eýsem, köçä hem dakyldy.

Gökdepe etrabynyň obalarynyň birinde doglan Aman Gulmämmedow 1924-nji ýylda Aşgabadyň mehanizasiýa tehnikumyna okuwa girdi. Emma ykbal oňa inženerligi däl-de, başga käri rowa gördi. 18 ýaşly göze gelüwli ýigit iki ýyldan soň Aşgabatda açylan teatr studiýasynda okaýanlaryň hataryna goşuldy. 1929-njy ýylda studiýanyň ilkinji uçurymlary bilenem Türkmen döwlet drama teatry döredildi. Şondan soň Aman Gulmämmedow ömrüni sahna sungatyna baglady.

Myrat Gulmämmedowyň maşgala arhiwindäki köne suratlarynda gözleri gülüp duran ýaş ýigidiň şekili bar. Başy telpekli, boýny bolsa kebelek-galstukly keşbiniň özi onuň sungat dünýäsiniň wekilidigini görkezýär. Ine, bu suratda Aman Gulmämmedow hünni-gara Otellonyň, munda bolsa şa Liriň keşbinde.

Stoluň üstünde Lope de Weganyň eserlerinden soýuz respublikalarynyň ählisinde sahnalaşdyrylan spektakllaryndan bölekleriň suratlary ýerleşdirilen saýlanan eserler kitaby bar. Olaryň arasynda Aman Gulmämmedowyň «Fuente Owehuno» («Dowar çeşmesi») spektaklynda serkerdäniň keşbindäki we «Frans Mor» spektaklyndaky keşbiniň suraty bar.

«Allan aganyň maşgalasy» spektaklynda Allanyň keşbini döredenligi üçin Aman Gulmämmedowa 1950-nji ýylda SSSR-iň Döwlet baýragy gowşuryldy. Mundan başga-da ol Lenin we Zähmet gyzyl baýdagy ordenleri bilen sylaglandy. 1964-nji ýyldan başlap Aman Gulmämmedow teatryň çeper ýolbaşçysy bolup işläp başlady. Ussadyň 70 ýyllygy mynasybetli drama teatrynyň aktýorlary onuň üçin benefis taýýarladylar, ýöne Aman Gulmämmedow bu şatlykly seneden birnäçe aý öň dünýesini täzeledi.

Sahna, tomaşaçylar zalyna, teatryň eýwanyna aktýoryň we režissýoryň ruhy siňipdir. Häzirki wagtda ol talyplaryň öz halypalaryny uly hormat-sylag bilen ýatlap, olardan görelde alyp döredijilik bilen meşgullanýan Mollanepes adyndaky Talyplar teatrydyr.

Aman Gulmämmedowyň ogly bilen söhbetdeş bolanymyzda, pursatdan peýdalanyp, meşhur aktýoryň maşgala durmuşynyň nähili bolandygy barada bilmek isledik.

Myrat Gulmämmedow:

— Ejemiň maşgaladaky orny aýrydy. Myhman otagymyzyň barokko ýörelgesine görä bezelmegem onuň hyzmatydy. Ejem diwarlary delwere reňkine boýady, ajap gobelenler we ajaýyp suratlar bilen bezedi. Öýe gelýän myhmanlaryň ählisine ýer tapdyrýan äpet tegelek stol häli-häzire çenli perdelere kybap ýüpek mata bilen örtülen. Hojalygy ejem ýörederdi, üstesine-de, maňa we doganyma mekdepde berilýän öý işlerini etmäge-de kömek ederdi. Bir gezek üçünji synpdakam bir meseläni çözüp bilmedim. Men ejemden haýyş etdim, ýöne işi başyndan agdyk bolansoň, meni ilkinji gezek kakamyň ýanyna ugratdy. Men keýpsiz halda kakamdan matematikadan mesele çözmäge kömek etmegini haýyş etdim. Ol okap oturan gazetini bir ýana goýdy-da: «Meseläniň şertlerini oka» diýdi. Men okadym.


— Senden näme islenýändigine özüň düşüner ýaly edip oka. 

Men ýene bir gezek okadym. 


— Indi meseläniň çözgüdine özüň düşüner ýaly edip oka. 

Ýene okadym welin, dessine meseläniň çözgüdini tapdym. Haýran galaýmaly! Ilkinji gezek meseläni özüm çözdüm! Şeýdip özüme hormatym artdy, ýöne kakamyň abraýy welin meniň üçin hasam belende galdy.

Menden köplenç, kakaň meşhur adam bolsa gowmy diýip soraýardylar. Belki, o diýen gowam däldir. Çagalygymdan ejem meni we doganymy: «Kakaň adyna ysnat getiräýmäň!» diýip terbiýeledi.


— Myrat Amanowiç, peder öýüni nädip beýle gowy saklap bildiňiz?

— Ony, belki, Aman Gulmämmedowyň öý-muzeýi ederler diýen umydynda bolanymyz üçin bolsa gerek, şol sebäpden bu ýerde ýaşamyzogam. Diňe syryp-süpürmek üçin gelýäris. 

Biz Myrat Amanowiçe beren gyzykly gürrüňi we myhmansöýerligi, şeýle hem tanymal ata-enesiniň hatyrasyna hormat-sarpasy üçin hoşallyk bildirdik. Onuň bilen bolan söhbetdeşlikden soňra nebereleriniň tanymal pederleriniň öňünde hatda dünýäden ötensoňam jogapkärçiliginiň uly bolýandygyna göz ýetirdik.