Ï «Nesil» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde dynç alýan çagalar üçin göçme sergi guraldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Nesil» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde dynç alýan çagalar üçin göçme sergi guraldy

view-icon 5510
«Nesil» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde dynç alýan çagalar üçin göçme sergi guraldy

Soňky ýyllarda tebigat goragy boýunça jemgyýetçilik hereketi bütin dünýäde güýçlenýär. Şunuň bilen baglylykda, adamlarda ösümlik we haýwanat dünýäsine aýawly we akylly-başly çemeleşmegi terbiýelemek maksady bilen döredilen ülkäni öwreniş muzeýleriniň ähmiýeti artdy.

Ýakynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Tebigat we ülkäni öwreniş bölüminiň hünärmenleri ýurdumyzyň ekologiýa taýdan arassa we iň owadan künjeginde – Gökdere jülgesinde ýerleşýän «Nesil» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde boldular. Ol ýerde guralan sergä Türkmenistanyň dürli künjeginden dynç almaga gelen 700 töweregi mekdep okuwçysy gatnaşdy.

Sergide haýwanlaryň, şol sanda olaryň seýrek görnüşleriniň gäpleri we suratlary görkezildi. Çagalar ýurdumyzyň täsin tebigy ýadygärlikleriniň suratlary, Türkmenistanyň aýratyn goralýan ýerleriniň kartasy bilen tanyşdylar. Daşky gurşawy goramagyň her bir raýatyň watançylyk borjudygyny ýatladýan reňkli suratlar çagalara diýseň güýçli täsir etdi.

Muzeý işgärleri Ogulşat Dädebaýewa we Çemen Kerimowa çagalary şäherde aňsat-aňsat görülmeýän guşlaryň, balyklaryň, pyşbagalaryň, ýerde-suwda ýaşaýanlaryň, ýylanlaryň we ýabany tebigatyň beýleki wekilleri bilen tanyşdyrdylar. Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen endemik, relikt we ýitip gitmek howpy abanýandygy sebäpli goralmaly görnüşler aýratyn nygtalmak bilen, ýurdumyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsini hem-de tebigaty goramaga uly üns berildi.

Muzeýiň etnografiýa bölüminiň hünärmenleri hem sergä gatnaşdylar. Olaryň görkezen ekspozisiýalarynda geçmişdäki milli zenan lybaslary görkezildi. Bular gadymy baş örtgüçler, ýagny tahýalar, düýpli gyňaçlar, XIX asyryň ahyrynda, XX asyryň başlarynda çekilen nagyşlar bilen bezelen keteni köýneklerdir. Geçmişde zenanlaryň her ýaşy üçin öz geýim uslyby bolupdyr. Juwan gyzlar keteni geýenlerinde diňe gyrmyzy reňkini we başlaryna sünnälenip nagyşlanan tahýa geýipdirler. Gelinleri al-ýaşyl geýnipdirler, başlaryny düýpli gyňaç bilen örtüpdirler, ýaşy ulurak zenanlar ýaşyl, gartaşan zenanlar bolsa goýy benewşe we gök reňkleri has köp ulanypdyrlar.

Türkmen gelin-gyzlarynyň milli geýimi gadymy döwürlerden bize gelip ýeten milli buýsanjymyzdyr. Zehinli ene-mamalarymyz olary çeper elleri bilen döredipdirler, olaryň döreden miraslary ajaýyp gelin-gyzlarymyza häli-häzirem lezzet berýär.

Sergi çagalaryň arasynda uly gyzyklanma döretdi. Çagalar muzeý gymmatlyklary bilen tanşansoňlar, olaryň dogduk mekanyna bolan buýsanç duýgusy has-da artdy.