Ï Ýurdumyzda mekdep harytlarynyň söwdasy guralar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzda mekdep harytlarynyň söwdasy guralar

view-icon 4179
Ýurdumyzda mekdep harytlarynyň söwdasy guralar

Türkmenistanda şu ýylyň 1-nji awgustyndan 5-nji sentýabry aralygynda mekdep harytlarynyň söwdasy guralar. Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary Batyr Atdaýew bu barada Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly ýakynda geçirilen mejlisinde habar berdi.

Wise-premýeriň aýtmagyna görä, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň söwda bölümleri ýurdumyzyň haryt öndürijileri we mekdep okuwçylaryna niýetlenen harytlar bilen üpjün edijiler bilen ýakyndan hyzmatdaşlykda bolup, ýurdumyzyň bazarlaryny ýazuw esbaplary, mekdep we sport lybaslary, aýakgap we beýleki harytlar bilen üpjün etmek boýunça uly göwrümli işleri alyp barýarlar.

Şeýle-de B.Atdaýew şu ýylyň 1-nji awgustyndan 5-nji sentýabryna çenli ýurdumyzyň welaýat we etrap merkezlerinde, şeýle hem paýtagtymyzda we Arkadag şäherinde mekdep harytlarynyň söwdasyny guramagyň meýilleşdirilendigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, mekdep okuwçylary we talyplar üçin okuw esbaplaryny satyn alyp boljak mekdep bazarlarynyň guralyşynyň gowy däbe öwrülendigini, alyjylar üçin söwda nokatlarynyň amatly ýerleşişini, mekdep harytlarynyň bollugyny üpjün etmegiň zerurdygyny aýtmak bilen, bu barada wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.