Ï Türkmenistanyň wekilleri Halkara teatr mekdebine gatnaşdylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň wekilleri Halkara teatr mekdebine gatnaşdylar

view-icon 4486
Türkmenistanyň wekilleri Halkara teatr mekdebine gatnaşdylar

18-nji iýulda Moskwanyň etegindäki Zwenigorod şähernide Russiýa Federsasiýasynyň Teatr işgärleri bileleşiginiň (RF TIB) XVI Halkara tomus teatr mekdebi işini tamamlady. Bilim edarasynyň çeper ýolbaşçysy RF TIB-iň başlygy, RSFSR-iň halk artisti Aleksandr Kalyagindir.

Bu ýyl taslama dürli ýurtlardan, şol sanda Türkmenistandan hem gelen hünärmenler gatnaşdylar.

Biziň ýurdumyzdan A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatrynyň aktýory we režissýory Bagtyýar Abaýew we Beýik S.Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynyň aktýory Azat Didarow wekilçilik etdi.

Ýaş zehinli artistleriň teatr sahnasynda gazanan baý tejribeleri bar. Teatr mekdebine gitmeziniň öňýanlary Bagtyýar “41-nji ýylyň aýallary” atly saldamly drama eserini sahnada goýdy Azat Didarow bolsa “Wah, siz aýallar!” oýnunda baş rollardan birini ýerine ýetirdi.

Şeýle-de bolsa, aktýor hünäri dowamly öwrenmegi we özüňi sünnälemegi talap edýär. Şol sebäpden, bilim derejesini ýokarlandyrmak üçin, türkmenistanly artistler, pursatdan peýdalanyp, Russiýada meşhur teatr işgärleriniň elinde bir aýlap depginli okuw geçdiler.

Teatr mekdebiniň açylyşynyň ilkinji günlerinden başlap, taslama gatnaşýanlara täze-täze döredijilik duşuşyklary, aktýorlyk, sahna hereketi we sözleýiş usuly boýunça ussatlyk sapaklary garaşýardy. Şeýle hem artistler sahna söweşi we plastika boýunça tälim aldylar.

Okuwyň çäginde dürli görnüşlere degişli bäş oýny sahnalaşdyrmak göz öňünde tutulýardy: drama, gurjak, horeografik we synag. Ýöne oýny goýmaga başlamazdan ozal, režissýorlar artistler üçin kasting guradylar, şon-da bu ýa-da beýleki artistiň haýsy oýunda çykyş etjekdigini kesgitledi.

Maňa nusgawy teatrdan has daşlaşan synag oýun goýmak gyzykly göründi, – diýip, Bagtyýar Abaýew özünde galan täsirler barada gürrüň berýär. – “Haýwanlaryň şasy” atly synag oýnuň üstünde biziň bilen režissýor Aleksandr Artýomow işledi. Esasy üns aktýoryň duýgusal dolulygyna berlen oýunda maňa Ýaguar keşbi düşdiKeşbiň üstünde işlemekde öňki ýerine ýetiren keşplerimden gazanan tejribäm kömek etdi. Plastikligi bolsa bir gezek ertekide ýerine ýetiren hažžygyň keşbi bilen utgaşdyrdym, içerki mazmun boýunça esas hökmünde Romeonyň keşbini aldym. Bu keşbi-de türkmen sahnasynda jalandyrmak maňa miýesser bolupdy.

Azat Didarow kastingde «Romeo we Julýetadan» Merkutsionyň monologyny okady.

– Men ene dilimde, türkmen dilinde bir parçany okadym, eminler ýakymly duýgy bilen geň galdylar, – diýip, Azat Didarow gürrüň berýär. – Özüm üçin Kirill Wytoptowyň «Gözellik kyssasy. Betnyşanlyk kyssasy» atly dramatik oýny saýladym. Onda köp söz bardy, ýöne kärdeşlerim maňa göwrümli teksti öwrenmäge we rus dilimi kämilleşdirmäge kömek etdiler.

Mekdebiň gutardyş çykyşlarynyň köpçülige görkezilişi Moskwadaky we Moskwanyň etegindäki teatr sahnalarynda – «Strastnyýda» RF TIB teatr merkezinde, RF TIB-iň Boýar palatalarynda, Istra drama teatrynda we Moskwa oblast drama we komediýa teatrynda geçirildi.

Okuw döwri tamamlanandan soň, oňa gatnaşanlaryň hemmesine diplom we hünärini kämilleşdirendigi barada şahadatnamalar berildi.

Artistler «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda has netijeli işlemek üçin, hünär endiklerini ösdürmäge mümkinçilik döredendikleri üçin ýurdumyzyň hökümetine hoşallyk bildirýärler.