Ï FAO-GEF taslamasynyň milli hyzmatdaşlary topragyň, suwuň we ösümlikleriň ekspress-testlerini geçirmek üçin enjamlar alýarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

FAO-GEF taslamasynyň milli hyzmatdaşlary topragyň, suwuň we ösümlikleriň ekspress-testlerini geçirmek üçin enjamlar alýarlar

view-icon 5091
FAO-GEF taslamasynyň milli hyzmatdaşlary topragyň, suwuň we ösümlikleriň ekspress-testlerini geçirmek üçin enjamlar alýarlar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi BMG-niň (FAO) Azyk we oba hojalygy guramasy bilen FAO-GEF-iň “Merkezi Aziýanyň we Türkiýäniň (ИСЦАУЗР-2) gurakçylyga we şorlaşma meýilli oba hojalygynyň landşaftlarynda tebigy baýlyklary toplumlaýyn dolandyrmak” sebit taslamasynyň çäginde hyzmatdaşlyk edýär.

Taslamanyň ýerine ýetirilmegi üçin Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli instituty, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk instituty, şeýle hem Daşoguz welaýatynyň etraplary gatnaşýarlar.

Taslamanyň çäginde, Türkmenistanda tebigy baýlyklary tygşytly peýdalanmakda toplumlaýyn çemeleşmeleri girizmäge gönükdirilen netijeli tehnologiýalary we usullary ulanmak üçin birnäçe çäreler durmuşa geçirilýär.

Oba hojalygy ekinleriniň hasylyny meýilleşdirmek we çaklamak üçin "toprak - ösümlik - atmosfera" ulgamyny öwrenmek we yzygiderli gözegçilik etmek möhümdir we munuň üçin degişli ekspress synaglary geçirmek üçin döwrebap enjamlardan peýdalanmaly.

Şuny göz öňünde tutup, ИСЦАУЗР-2 taslamasynyň çäginde topragy, suwy we ösümlikleri çalt seljermek üçin enjamlar toplumy satyn alyndy we Türkmenistana getirildi.

Oba hojalygy ykjam barlaghana toplumyny, göçme kiçi göwrümli howa stansiýasyny, ösümlikleriň geçiş derejesini ölçeýjini, el bilen azot ölçeg abzalyny, toprak termometrini, dänäniň çyglylygyny ölçeýjisini we fiziki seljermek üçin ulanyljak beýleki ölçeg gurallaryny, topragyň, suwuň we ösümlikleriň himiki we biologiki görkezijilerini öz içine alýar.

Enjamlar taslama hyzmatdaşlaryna ylmy we amaly çärelere kömek etmek üçin niýetlenendir.

Bu enjamlaryň kömegi bilen ekinleriň we topragyň fiziki-himiki we biologiki görkezijilerini çalt hem-de takyk seljermek, zerur bolsa oba hojalygynyň tehnologiýasyny sazlamaga, dökünleri we ösümlikleri goramak serişdelerini rejeleşdirmäge, suw we energiýa hem-de tebigy çeşmeleriň ulanylmagyna mümkinçilik döreder.

Yzygiderli gözegçilik etmegiň netijesinde alnan gözleg maglumatlary daşky gurşawyň üýtgemelerine öz wagtynda jogap bermäge we degişli kararlary almaga kömek eder, taslama hyzmatdaşlarynyň ylmy we amaly mümkinçiliklerini berkitmäge hem-de ýurdumyzyň oba hojalygy üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamaga kömek eder.