Ï Öri meýdanlaryny öwrenmegiň aýratynlyklary ara alnyp maslahatlaşyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Öri meýdanlaryny öwrenmegiň aýratynlyklary ara alnyp maslahatlaşyldy

view-icon 5301
Öri meýdanlaryny öwrenmegiň aýratynlyklary ara alnyp maslahatlaşyldy

Aşgabatda tegelek stoluň başynda geçirilen maslahat öri meýdanlaryny öwrenmegiň usulýetine bagyşlandy.

Bu çäre Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň we Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň işgärleri üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy tarapyndan guraldy. Ol «Guwandyryjy netijeleri gazanmak üçin, Aral deňziniň hanasynda ýer baýlyklaryny we gymmatly tebigy baýlyklaryň ekoulgamyny gorap saklamak we durnukly dolandyrmak» taslamasyny amala aşyrmagyň çäklerinde göz öňünde tutulýar.

Maslahata gatnaşyjylar sebitiň öri meýdanlaryndaky synag taslamalarynda gözleg işlerini geçirmegiň häzirki zaman usulyýeti bilen tanyşdylar.

Öri meýdanlarynyň häzirki ýagdaýyny we ulanylyşyny öwrenmek her bir öri meýdanyny mundan beýläk-de ulanmak mümkinçiligini, öri meýdanlaryny gowulandyrmak we abatlamak çärelerini işläp düzmek maksady bilen geçirilýär. Bu wezipeleri ýerine ýetirmek işlerini amala aşyrmagyň dowamynda ot-iým ekiljek meýdanlar we olary mundan beýläk-de ýerlikli ulanmak wezipesi kesgitlenilýär.

Şol bir wagtyň özünde maldarçylyk hojalyklarynyň, suw çeşmeleriniň uzak aralykda ýerleşmegi we suw üpjünçilik şertleri öwrenilýär.