Ï Ýewgeniýa Adamowa bilen Nurmuhammet Ataýewiň ýubileý sergileri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýewgeniýa Adamowa bilen Nurmuhammet Ataýewiň ýubileý sergileri

view-icon 3987
Ýewgeniýa Adamowa bilen Nurmuhammet Ataýewiň ýubileý sergileri
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýi Türkmenistanyň halk suratkeşi Ýewgeniýa Adamowanyň doglan gününiň 110 ýyllygyna we görnükli türkmen heýkeltaraşy Nurmuhammet Ataewiň doglan gününiň 80 ýyllygyna bagyşlanan sergi gurady.

Sergi Ý.Adamowanyň grafiki portreti bilen açyldy, onda ýaş zenan tomaşaçylara suratkeşiň gözi bilen garap dur. Sungaty söýüjileriň köpüsi üçin Ýewgeniýa Adamowanyň beýle keşbi adaty däldigi bilen tapawutlandy: ol tanyşlarynyň aňynda mähirli we mylaýym gözli zenan hökmünde saklanyp galypdyr.

Ýewgeniýa Adamowany türkmen sungatynyň nusgawy suratkeşleriň biri diýip atlandyryp bolar. Ol halkymyzyň milliligini kanwada ýerine ýetirendigi üçin özboluşly ukyba eýe boldy. Onuň suratlarynyň esasy gahrymanlary zenanlardyr. Olar sagymçylar, guş idedijiler, pagta ýygymçylar, lukmanlar we olaryň iş pursatlarynda suratlandyrylmagy eserleri has hem owadan görkezýär.

Ýewgeniýa Adamowanyň «Barybir okaryn» atly ilkinji eserleriniň biri okuw kitaby boldy. Bu surat muzeýde mydama sergide görkezilýär. Onuň düşeginiň gara reňkde bolmagy bellärliklidir, sebäbi bu eseriň döredilişinde surat çekmegiň akademiki usul agdyklyk edýär.

Sergide zenan portretlerinden başga-da Türkmenistanyň tanymal bagşy-sazandalarynyň suratlary görkezilýär, olaryň arasynda meşhur sazanda Mylla Täçmyradowyň şekili hem bar. Portret işleriň eserlerinden başga-da, Adamowanyň floristik eserleri-de görkezilýär.

Bu ýere gelýänleriň ünsüni özüne çeken diňe bir güller däl-de, eýsem güldandaky sowuk görünýän suw hem täsirli şekillendirilipdir. Diňe kärine ussat suwy şeýle şekillendirip biler.

Sergi zalynyň merkezinde heýkeltaraşlyk sungatyny halaýanlar, Nurmuhammet Ataýewiň eserleri bilen tanyşýarlar. Mary welaýatynyň kiçijik obasyndan bolan bu heýkeltaraş Türkmen döwlet çeperçilik mekdebini tamamlap, üç ýyldan soň Leningradyň Repin adyndaky sungat institutyny (häzirki Sankt-Peterburg akademiýasy) tamamlaýar.

Sergide serhetçilere bagyşlanan «Hemişe hüşgär» kompozisiýa görkezilýär. Şonuň bilen birlikde heýkeltaraşyň işlerinde dürli pudaklarda zähmet çekýän zenanlara hem uly orun berlipdir.

Sergide pagta ýygýan zenanlaryň heýkelleriniň ikisi bar.

Kompozitor Nury Halmämmedowyň heýkeli heýkeltaraşyň şowly işleriniň biridir we onda saz dünýäsiniň meşhur ägirdiniň tanyş keşbi görkezilipdir.

Suratkeşleriň eserleriniň sergisi olaryň ömri we döredijiligi barada gürrüň berýär hem-de muzeýe gelýänlere olaryň eserlerini ýene-de bir gezek synlamak üçin mümkinçilik döredýär.