Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Kämil Weliahmedowyň ussahanasyna giren dessiňe, güneşli ülkämiziň gözel görnüşleri bilen gurşalýarsyň. Ol dürli öwüşginleri - gülgüne, mawy, açyk ýaşyl reňkleri ulanmagy halaýar. Onuň döreden eserlerinde nurly Güneş, ýagtylyk agdyklyk edýär, olarda durmuş äheňleri giňden wasp edilýär.
– Suratkeşiň döredijilik ýoly gözleglerden we synaglardan ybarat – diýip, suratkeş gürrüň berýär. Men baryp-ha çeperçilik mekdebinde okaýarkam, bu ugurda öz şahsy ýolumy gözläp başladym. Bu ýoly häzir hem kämilleşdirmäge çalyşýaryn. Sebäbi, döredijilik – tükeniksiz umman.
Ussahananyň içini gurşap alan suratlaryň arasynda iki sany surat eseri has hem tapawutlanýar: «Jemal enäniň portreti» we «Ogullar». «Jemal enäniň portreti» eserinde adam durmuşynyň ajaýyplygy, onuň gözelliginiň täsirini güýçlendirýän ekspressionizm usulynda, ikinjisi «Ogullar» atly eserde bolsa açyk konturlylyk we mümkin boldugyça reňki az ulanmak bilen, şygar usulynda çekilipdir. Suratlaryň her biri özboluşly täsirli we olarda suratkeşiň bu žanrlara bolan uly ukybynyň bardygyna şaýatlyk edýär. Emma Kämil Nuryýewiç arassa, dury howa we şatlyk paýlaýan ýaz hem güýz pasyllary halaýan eken.
– Ýer togalagy, ony gurşap alan beýleki planetalaryň arasynda gülläp oturan bir jennetdir. Suratkeşler öz işleri bilen bu ajaýyplyklar barada adamlaryň ruhlaryny ýygy-ýygydan şatlandyryp durmalydyrlar.
Kämil Weliahmedowyň ussahanasyndaky «Dag obasy», «Narly Sumbar», «Aşgabadyň künjegi», «Güýzki Bagyr», «Bag», «3-nji seýilgäh», «Muza» we beýleki köp sanly eserlerinde-de göwün göteriji gülleriň sazlaşygy höküm sürýär. Olaryň hemmesinde tomus we gyş pasly bilen bir hatarda, ýaz we güýz pasyllary agdyklyk edýär.
– Ýakynda suratlarymda tomus pasly hem peýda bolar – diýip, suratkeş sözüni dowam etdirip, – golaýda açyk howada çekilen dokuz sany özüneçekiji etýud eserlerimi getirdim – diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.
Ussat suratkeş Kämil Weliahmedow ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilýän sungat sergilerine işjeň gatnaşýar. Şeýlelikde, russiýaly, ABŞ-ly, eýranly, fransiýaly, şwesiýaly, türkiýeli, tatarystanly we hytaýly hünärmenler hem türkmen tebigaty, suratkeşiň oňa adaty däl göz bilen, ýagny suratkeşiň gözi bilen garaýandygyny ussadyň eserlerinde gördüler.