Ï Ertekiniň terbiýeleýji güýji
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ertekiniň terbiýeleýji güýji

view-icon 4542
Ertekiniň terbiýeleýji güýji

Daşoguz welaýatdaky Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatryň işgärleri «Jadyly söz» atly çagalar üçin täze aýdym-sazly ertekini sahnalaşdyrmak boýunça işe başladylar. Nobatdaky sahna oýny režissýor Guwanç Baýmedow tarapyndan dramaturg Aýmämmet Işangulyýewyň pýesasy esasynda taýýarlanylýar we ol çagalarda ýakyn adamlaryna bolan ynsanperwer duýgulary terbiýelemäge niýetlenendir.

Halkyň ruhy medeniýetiniň bir bölegi bolan ertekiler çagalary terbiýelemekde täsirli güýje eýedir. Çagalar iň gowy görýän erteki gahrymanlarynyň keşpleriniň we ahlak hem-de ruhy sypatlarynyň üsti bilen durmuşyň esasy hakykatlaryna has gowy düşünýärler.

Şol sebäpden, sahna oýnunda jemgyýetde işjeň durmuş ornuň we ählumumy gymmatlyklaryň emele gelmegine hemişe üns berýän režissýor Guwanç Baýmedow hoşniýetli bolmak, Watana, ene-ata, adamlara hormat goýmak düşünjelerini ösdürmek mümkinçiligine salgylanýar. Geçen ýyl ol Daşoguz welaýatynyň türkmen ýazyjysy Hemra Şirowyň eserine esaslanyp, dostluk, özara kömek we goldaw hakda gürrüň berýän hem-de ýaşlar tarapyndan gyzgyn garşy alnan «Azaşan owlajyk» atly çagalar aýdym-saz spektaklyny sahnalaşdyrdy.

Teatryň täze haýran galdyryjy eseri çagalary erteki dünýäsine alyp barýar we sahnadaky wakalara döw, owlajyk, möjek, tilki ýaly haýwanlar hem-de baş gahryman Batyr çopan gatnaşýar. 

Baş gahryman kyn synagdan geçýär. Çopanyň kakasy ony süri bilen ýeke goýup, Batyryň ýarawsyz ejesiniň keselini bejerip biljek dermanlyk ösümlikleri gözläp daglara gidýär. Ol ýerde äpet döwüň ýesiri bolýar, indi batyr oglan ejesiniň keselini bejermek üçin kakasyny ýesirlikden halas etmeli bolýar.

Spektaklyň tutuş ýordumyny gürrüň bermek niýetimiz ýok, ýöne «Eje» diýen jadyly we mukaddes sözüň hem-de ene-atasyna bolan çäksiz söýginiň Batyra kyn meseläni çözmäge kömek edendigini aýtmalydyrys.

- Täze sahna oýny çagalara niýetlenen erteki bolup, biz onuň üstünde çynlakaý we jogapkärçilikli işleýäris – diýip Guwanç Baýmedow gürrüň berýär – Sahnada meşhur çagalar şahyry Annaberdi Goçamanowyň maslahaty, Çingiz Töräýewiň sahna bezegi we sazanda, zehinli aktýor we ýerine ýetiriji Meýlis Nuryýewiň ussatlygy bize köp kömek edýär. Täze eserde teatrymyzyň birnäçe ýaş zehinleri  ̶ Meret Seýidow, Halmyrat Şyhyýew, Pirnepes Hojanepesow ýaly tanymal we abraýly artistler gatnaşýarlar. Sahna oýnundaky baş keşp Begli Döwliýewe ynanyldy. Biziň çykyşymyz Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyna çagalar üçin ýene bir gowy sowgat bolar diýip umyt edýäris.