Ï Ýurdumyzda boljak howa barada maglumat
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzda boljak howa barada maglumat

view-icon 5987
Ýurdumyzda boljak howa barada maglumat

Hepdäniň dowamynda ýurdumyzyň welaýatlarynda az wagtlaýyn ýagşyň ýagmagyna garaşylýar. Şeýle-de bolsa Türkmenistanda howanyň ortaça temperaturasy +38 gradusa deň bolar.

Paýtagtymyz Aşgabatda hepdäniň başynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar. Howa gijelerine +16... +18 gradusdan +22... +24 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +28... +30 gradusdan +34... +36 gradus aralygynda maýyl bolar.

Ahal welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda az-kem ýagyş ýagar. Howa gijelerine +16... +21 gradusdan +21... +26 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +28... +33 gradus maýyldan +33... +38 gradus aralygynda yssy bolar.

Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar. Howa gijelerine +16... +21 gradusdan +21... +26 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +32... +37 gradus yssy, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +29... +34 gradus maýyl bolar.

Mary welaýatynda az-kem bulutly howa bolup, howa gijelerine +16... +21 gradusdan +20... +25 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +26... +31 gradus maýyldan +33... +38 gradus aralygynda yssy bolar.

Lebap welaýatynda az-kem bulutly howa bolup, howa gijelerine +15... +20 gradusdan +20... +25 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +26... +31 gradus maýyldan +32... +37 gradus aralygynda yssy bolar.

Daşoguz welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howa gijelerine +14... +19 gradusdan +18... +23 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +23... +28 gradusdan +30... +35 gradus aralygynda maýyl bolar.