1-nji sentýabrdan 1-ni oktýabr aralygynda geçiriljek ýol hereketiniň howpsuzlygynyň bir aýlygynyň çäginde Aşgabatda we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda ýol hereketiniň howpsuzlygyna has köp üns berler.
«Ýol hereketiniň howpsuzlygy ‒ ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk ýol heläkçiligini azaltmak we hereket howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, goşmaça çäreleri durmuşa geçirmek üçin her ýyl geçirilýär.
Biraýlyga ýol polisiýasynyň wekilleri işjeň gatnaşarlar. Ähli okuw jaýlarynda we mekdebe çenli çagalar edaralarynda ýol hereketiniň düzgünleriniň bozulmagynyň käbir görnüşleriniň öňüni almaga gönükdirilen wagyz-nesihat işleri geçiriler.
Mekdeplerde we çagalar baglarynda ýol hereketiniň düzgünlerini öwrenmek boýunça okuwlar we çäreler, şeýle hem çagalar bilen ýollarda howpsuz hereket etmek başarnyklaryny we amaly endiklerini döretmek boýunça sapaklar geçiriler.
Mundan başga-da, ministrliklerde, pudaklaýyn edaralarda we kärhanalarda ýol hereketiniň howpsuzlygy meselelerine bagyşlanan temasyndan maslahatlar guralar.
Ýurdumyzda ýol-ulag infrastrukturasy ýylsaýyn depginli ösýär. Hemme ýerde döwrebap ýollaryň, ýerasty we köpri kysymly pyýada geçelgeleriniň gurluşygy alnyp barylýar. Şol bir wagtyň özünde ulaglaryň tizligine gözegçilik etmek üçin, duýduryş belgileri, ýol çyralary we wideoýazgy enjamlary oturdylýar.
Ýolda bolmak hem sürüjileriň, hem pyýadalaryň ünsli bolmagyny talap edýär. Şonuň üçin ýol polisiýasynyň işgärleri ilat arasynda yzygiderli maglumat we düşündiriş işlerini alyp barýarlar.
Ýol hereketiniň howpsuzlygynyň biraýlygynyň dowamynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we teleýaýlymlar bu ugurda geçirilýän çäreleri giňişleýin beýan edip durar. Merkezi köçelerde oturdylan uly monitorlarda ýol hereketiniň düzgünleri baradaky wideoşekiller hem görkeziler.