Däp bolşy ýaly, 1-nji sentýabrda Şekillendiriş sungaty muzeýi Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli suratkeşleriň bu tema bagyşlanan suratlarynyň we heýkelleriniň sergisini gurady. Sergide goýlan işleriň arasynda muzeýe ýygy-ýygydan gelýänlere tanyş bolan däp-dessurlara degişli birnäçe işleriň goýulmagy onuň täsirliligini has-da artdyrýar.
Şeýle eserleriň arasynda Türkmenistanyň halk suratkeşi Yzzat Gylyjowyň «Kitap bazary» atly suraty-da bar. Suratda Gün nury, hoşniýetlilik, şatlykly duýgular şekillendirilen. Eserde adamlaryň kitap satyn almak bilen medeniýete, bilime ymtylýandyklary alamatlandyrylýar. Bu täsin surat şu ýyl 100 ýyllygy belleniljek halypa suratkeşiň iň oňat eserlerinden biridir.
1-nji sentýabr mekdep bosagasyndan ilkinji gezek ätleýän çagalar üçin aýratyn tolgundyryjy pursatdyr. Hut şu pursatdan olar ulalan ýaly bolýarlar. Birinji synp okuwçylaryna bagyşlanan meşhur suratlardan biri Türkmenistanyň halk suratkeşi Ýewgeniýa Adamowanyň «1-nji sentýabr» eseridir. Bu surat doganlarynyň owadan mekdep lybaslaryna seredip, kiçi jigileriniň dürli-dürli başdan geçirýän psihologik ýagdaýyny inçelik bilen beýan edýär.
Okuwçylaryň okuw ýylynyň başlanmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýandyklaryny Pýotr Tatiwosow «Ertir mekdebe» atly suratynda görkezýär. Uçganaklap duran gözlerindäki şatlygy gizlemekden ejiz gelen gyzjagaz eýýäm portfelini taýýarlap, mekdep lybasyny ütükläpdir, indi bolsa ak baýramçylyk öňlügindäki epinleri ütükleýär. Çaltrak ertir bir bolsady!
Baýram Hojammaýewiň «Talyplar synagda» atly işi ýaşlaryň durmuşyndaky dartgynly pursady görkezýär. Eserde ýigitler we gyzlar mugallymyň bilimlerini synagdan geçirýän gapysynyň öňünde biygtyýar alada gurşalypdyrlar. Olara seredip, synaglarynda üstünlik gazanmaklaryny arzuw etmek isleýärsiň.
Häzirki çagalara bir döwürde hemme zadyň mundan üýtgeşik bolandygyny göz öňüne getirmek kyn. Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň «Ilkinji mugallym» atly suraty muny ýatladýar. Onda Garagumuň ürgün çägelerinden aşyp, uzak obalardaky çagalar üçin düýeli okuw esbaplaryny alyp barýan hyjuwdan doly ýaş ýigit şekillendirilipdir. Mugallym jöwzany duýmaýar, onuň ähli pikiri mekdebi ýola goýmak, çagalara okap-ýazmagy öwretmek. Şeýtmek bilen ol edermenlik edýändigi hakda pikir hem edenok. Ol diňe öz borjuny yhlas bilen ýerine ýetirýär. Munuň üçin nireden güýç alýandygy belli däl.
Aň-bilim wagyzçylara halk hemişe-de çuňňur hormat bilen garaýar. Öwezdurdy Öwezow kiçi heýkellerde türkmen medeniýetine XIX asyryň aň-bilim ýaýradyjylaryndan biri hökmünde giren Mollanepesiň şekilini görkezdi. Heýkeltaraş D.Babaýew «Bilim ybadathanasynyň bosagasynda» atly täsirli işini görkezdi. Açyk kitabyň sahypalarynyň biri gündogar ybadathanasy görnüşinde ýerine ýetirilipdir. Bu ybadathananyň gapysyny aýakýalaň bir ýigit açypdyr ‒ ony bilim özüne çekýär. Ýöne onuň hötdesinden geläýmek aňsat iş däl.
1-nji sentýabrda ähli mekdeplerde okuwçylar mugallymlara gül desselerini gowşurýarlar. Şonuň üçin gül bilim baýramynyň aýrylmaz bölegidir. Gülçülik ugrunda hödürlenen suratlardan iň täsirlisi, biziň pikirimizçe, Nikolaý Ýerşowyň «Siren» atly işidir. Reňkiň relýef gatlaklary bilen ýerine ýetirilen bu iş edil siren güllerini janlandyrýan ýaly.
Ýene köp-köp ajaýyp suratlary öz içine alýan sergi diňe bir mekdep okuwçylary we talyplar üçin däl, eýsem, ähli sungat söýüjiler üçinem täsirli hem manyly boldy.