Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjyna eýermek bilen, Bilimler we talyp ýaşlar gününde ýurdumyzyň teatrlary tomaşaçylara Magtymguly Pyragy baradaky eserleri görkezdiler.
Döredijiligi ony milli jebisligiň we Türkmenistanyň medeni mirasynyň nyşanyna öwren görnükli türkmen şahyry medeniýet işgärleri üçin tükeniksiz ylham çeşmesi bolmagynda galýar.
Magtymgulynyň keşbi teatr sahnasynda, kinoda, şekillendiriş sungaty eserlerinde we edebiýatda birnäçe gezek öz beýanyny tapdy, bu bolsa döwürdeşlerimize şahyryň ajaýyp şahsyýetine dürli tarapdan garamaga mümkinçilik berdi.
Ýakynda häzirki zaman Arkadag şäherinde açylan Aman Gulmämmedow adyndaky Döwlet drama teatrynyň artistleri türkmen edebiýatynyň nusgawy wekiliniň döredijilik mirasyna ýene täze bir garaýyş hödürlediler.
Režissýor Bagtyýar Abaýewiň «Köňüller kelamy» pýesasy Nurmyrat Saryhanowyň kitaby esasynda goýuldy. Magtymguly Pyragynyň parasatly sözlerinden doly bu teatr eseri tomaşaçylary ata-babalarymyzyň ýaşan döwürleri hakynda çuňňur oýa batyrdy.
Türkmenistanyň Beýik S.Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň sahnasynda «Magtymguly ‒ köňül guşy» atly sahna oýny görkezildi. Oýnuň ýordumy Magtymgulynyň durmuş we döredijilik ýoluna esaslanýar.
«Arkadagly döwrüň bardyr, Pyragy» atly aýdym-sazly agşam bolsa Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda geçirildi. M.Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymlary we talyplary bilelikde akyldaryň edebi mirasyna bagyşlanan maksatnama döretdiler.
A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatrynyň döredijilik topary teatr sungatynyň muşdaklaryny «Türkmeniň bagty» atly pýesasy bilen begendirdi. Oýun Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» kitaplaryna, şeýle hem Magtymgulynyň goşgularyna esaslanýar.
«Dowamatdyr, bagtyýardyr, sarsmaz türkmen binasy» oýnunyň öňgörmesi Balkan welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşynyň adyny göterýän Döwlet drama teatrynda bolup geçdi. Sahnalaşdyrmanyň režissýory we awtory Öwezmämmet Galandarow Magtymguly-pyragy hakyndaky birnäçe rowaýat esasynda bir oýun döredipdir. Şahyryň jemleýji keşbi aýdyň we öwüşginli çykypdyr.
Beýik şahyryň dünýä inmeginiň ýetip gelýän 300 ýyllygyna bagyşlanan drama oýunlary we döredijilik agşamlary Mary welaýatynyň Kemine adyndaky Döwlet drama teatrynda, Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky Döwlet sazly darama teatrynda, Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky Döwlet sazly drama teatrynda-da geçirildi.
Ata-babalarymyzyň ýokary ahlak ýörelgelerini, millet pelsepesini ýaşlygyndan kalbyna siňdiren türkmen halkynyň beýik ogly, bütin ömrüni watançylyk we ynsanperwerlik gymmatlyklaryny wagyz edip geçipdir. Bu gün Magtymguly Pyragynyň şahsyýetiniň we döredijilik mirasynyň halkymyzyň ýaş neslini watançylyk, ruhubelentlik, ahlaklylyk we ynsansöýüjilik ruhunda terbiýelemekdäki ähmiýeti uludyr.