Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli umumy sapak geçdi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň gadyr-gymmaty baradaky pikirlerini beýan etdi.
«Ykbalymyzdan parlak Gün bolup dogan Garaşsyzlygymyz türkmen halky üçin altyn eýýamyň gapysyny açdy, Türkmenistany hemişelik Bitaraplygyň mekanyna öwürdi. Bu dünýäde ykrar edilen hakykatdyr» – diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady.
Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly, mundan 32 ýyl ozal — 1991-nji ýylyň güýzünde Garaşsyz Türkmenistan döwletimiz döredildi hem-de dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edildi. Şol taryhy günden başlap, ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyny özbaşdak kesgitläp, okgunly ösýän ykdysadyýeti, kämil durmuş ulgamy bolan, dünýä bileleşiginde uly abraýdan peýdalanýan demokratik, hukuk we dünýewi döwleti gurmak ugrunda ägirt uly işleri amala aşyrdyk.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda her bir maşgalanyň bagtyýarlygy, halkymyzyň abadançylygy üçin durmuşyň ýokary derejesini üpjün etmek, bäsdeşlige ukyply milli ykdysadyýeti döretmek boýunça maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirildi. Jemgyýetçilik durnuklylygyny, durmuş adalatlylygyny, berk hukuk düzgünini üpjün edýän güýçli we netijeli häkimiýet, dolandyryş ulgamyny kemala getirmek bilen, milli döwletlilik ýörelgeleri dabaralandy.
«Parahatçylyk dünýädäki iň uly gymmatlykdyr. Türkmen halky adamzat taryhynyň ähli döwürlerinde-de parahatçylyk we ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarly bolan halkdyr. Aziýa bilen Ýewropanyň medeniýetlerini birleşdiren topragymyz müňýyllyklaryň dowamynda parahatçylygyň, ygtybarlylygyň we howpsuzlygyň sebiti hökmünde giňden tanalypdyr» – diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, gadymy dünýä taryhynda ilkinji gezek Nusaýda Gündogar döwleti Hytaý we Günbatar döwleti Rim bilen diplomatik gatnaşyklar ýola goýlupdyr.
«Türkmenistan Garaşsyzlygyny gazanan ilkinji günlerinden daşary syýasat strategiýasynda bitaraplyk we parahatçylyk ýoluny saýlap aldy. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan taryhy Kararnamanyň kabul edilmegi bilen, ýurdumyz hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe boldy hem-de ygtybarlylygy, açyklygy, howpsuzlygy kepillendirýän hyzmatdaşa öwrüldi» – diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow aýratyn üns çekdi.