Ï Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýurdumyzyň ýaşlarynyň orny barada aýratyn üns çekdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýurdumyzyň ýaşlarynyň orny barada aýratyn üns çekdi

view-icon 5384
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýurdumyzyň ýaşlarynyň orny barada aýratyn üns çekdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli umumy sapak geçdi we bu ýerde ýurdumyzyň ýaşlarynyň orny barada aýratyn üns çekdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy sözlerine görä, döwletimiziň Garaşsyzlygynyň we berkararlygynyň esaslaryny berkidýän, durnukly durmuş-ykdysady ösüşini üpjün edýän, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli ýokarlandyrmaga ýardam berýän üstünliklerimizde jemgyýetimiziň ähli ýaşdaky wekilleriniň, aýratyn-da, ýaşlarymyzyň hyzmaty örän uludyr.

«Hemişe nygtaýşym ýaly, biziň beýik geljegimiz ýaşlaryň bagtyýarlygy bilen berk baglydyr. Şoňa görä-de, 2023-nji ýyla «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýip belent at berdik» – diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri belleýşi ýaly, pederlerimiziň watansöýüjilik ruhuny, ynsanperwerlige ýugrulan durmuş ýörelgelerini, zähmet däplerini, asylly milli häsiýetlerini mynasyp dowam etdirýän ýaşlar Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň geljegidir.

Garaşsyz Watanymyzda ýaşlaryň eşretli, bagtyýar durmuşda ýaşamagy, döwrebap bilim almagy, ylymda uly üstünlikleri gazanmagy, zehin-başarnyklaryny döredijilikli işlere gönükdirmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýändigini diýip, alym Arkadagymyz aýratyn üns çekdi.

«Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde hem-de dünýä giňişligindäki abraýyny pugtalandyrmakda ýaşlaryň uly orny bar. Şoňa görä-de, ýaşlar syýasaty döwlet strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2025-nji ýyla çenli döwlet maksatnamasy esasynda taryhymyzy, medeniýetimizi hem-de däp-dessurlarymyzy oňat bilýän, olara baha bermegi, gadyr goýmagy başarýan, maşgala gymmatlyklaryna sarpa goýýan, kämil, beden we ruhy taýdan sagdyn şahsyýetleri kemala getirmek boýunça netijeli çäreler durmuşa geçirilýär» – diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadagly Serdarymyzyň tassyklamagynda ýaşlaryň durmuş-ykdysady we syýasy hukuklaryny kepillendirýän «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi kabul edilendigini nygtady.