Ï Türkiýäniň üç şäherinde Magtymguly barada film surata düşüriler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkiýäniň üç şäherinde Magtymguly barada film surata düşüriler

view-icon 5183
Türkiýäniň üç şäherinde Magtymguly barada film surata düşüriler

Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan Magtymguly Pyragy hakynda dokumental filmleri surata düşürmek taslamasy bilen meşgullanýan režissýor Hekim Alowowyň ýolbaşçylygyndaky ýene bir topar Türkiýe Respublikasyna döredijilik saparyna taýýarlanýar. Türkmen kinoçylary sentýabr aýynyň 17-sinden 25-i aralygynda Ankara, Stambul we Konýa şäherlerinde döredijilik saparynda bolarlar, ol ýerlerde türkmeniň nusgawy we akyldar şahyrynyň ady bilen baglanyşykly ýerler köp.

Mysal üçin, 2012-nji ýylda Türkiýäniň paýtagtyndaky «Türkmenistan» seýilgähinde Magtymgulynyň ýadygärligi açyldy, ol ýerde baýramçylyk we dynç alyş günlerinde gül goýmak dabaralary geçirilýär. Ankarada Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) baş edarasy ýerleşýär. Bu gurama Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan çärelere işjeň gatnaşýar. Mälim bolşy ýaly, Türki medeniýetiň halkara guramasynyň geçen güýzde geçirilen Hemişelik geňeşiniň mejlisine gatnaşanlar Magtymguly Pyragynyň hormatyna TÜRKSOÝ-nyň çäklerinde 2024-nji ýylyň «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip, yglan etmek teklibini biragyzdan goldadylar. «Türkmenfilmiň» film alýan topary TÜRKSOÝ-yň wekilleri, şeýle hem çeper sözüň ajaýyp ussady Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwrenýän alymlar bilen duşuşmagy meýilleşdirýär.

Stambulda akyldar türkmen şahyrynyň golýazmalary saklanýar, olaryň nusgalary şu ýylyň maý aýynda Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumyny ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasyny halkara sanawyna girizmek hakyndaky çözgüt biragyzdan kabul edildi. Bu şäherde nusgawy türkmen şahyrynyň döredijiligine belet we gadyr goýýanlar köp, olar «Türkmenfilmiň» toparyna şahyryň, onuň döwürdeşleriniň we yzyny ýöredijileriniň terjimehalyny açyp görkezýän täze neşirler barada maglumat berip bilerler. Mysal üçin, Stambulyň Fatih uniwersitetinde Magtymguly Pyragynyň hormatyna ylmy maslahatlar we türk dilinde neşir edilen eserleriniň tanyşdyrylyşy geçirildi.

Birwagtlar türkmenleriň ata-babalary bolan Seljuklar tarapyndan dolandyrylan Konýa sebiti Magtymgulynyň döredijiligine saldamly täsir eden sopuçylyk merkezi hökmünde tanalýar. Seljuklar döwründe bu ýerde meşhur şahyr we matematik Omar Haýýam ýaşapdyr. XIII asyrda bu ýerde Möwlana Jelaleddin Rumy ýaşap, şu ýerde-de jaýlanypdyr. Baý medeni we dini taryhy bolan bu gadymy şäherde beýik Magtymgulynyň ady bilen baglanyşykly ýerleriň bardygy şübhesizdir.