Türkmenistanyň wekiliýeti Hytaýyň Gansu welaýatynyň Dunhung şäherinde geçen «Ýüpek ýoly» atly VI Halkara medeniýet sergisiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Daşary ýurtda geçen bu sergä biziň ýurdumyzdan iki muzeý – Döwlet medeni merkeziniň Döwlet muzeýiniň we Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gatnaşjakdygy yglan edildi. Türkmenistanyň pawilýonynda goýlan täsin eksponatlar türkmen halkynyň baý medeni mirasyny görkezýär.
Pawilýonda ajaýyp suratlar, türkmen halylary, zenanlaryň we erkekleriň lybaslary, zergär önümleri, öý goşlary we dokma önümleri görkezilýär. Sergä gelýänleri Türkmenistanyň häzirki ösüş döwri bilen täze infrastrukturanyň, binagärlik ýadygärlikleriniň we medeni miras ýerleriniň köp sanly suratlary tanyşdyrýar.
Iň meşhur we iň gadymy söwda ýollaryndan biri – Beýik Ýüpek ýoly Hytaýy, Merkezi Aziýany, Hindistany, Eýrany we Ýewropa ýurtlaryny-da goşmak bilen, dürli çäklerden geçipdir. Şonda haryt alyş-çalşygyndan başga-da, üznüksiz medeni, ylmy we maglumat alyş-çalşygy bolupdyr.
Aragatnaşyk we haryt dolanyşygy ulgamy hökmünde döredilen Beýik Ýüpek ýoly halklaryň ägirt uly intellektual we sungat mirasyny gorap saklamak bilen, Ýewraziýanyň taryhyna, medeniýetine, dinine, diline we ylmyna ep-esli derejede täsir edipdir.
Hytaý Döwlet Geňeşiniň Wise-premýeri Sun Çunlanyň «Ýüpek ýoly» sergisiniň açylyş dabarasynda belläp geçişi ýaly, Dunhuangdaky häzirki sergi medeniýet pudagyndaky alyş-çalşy we hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly ähmiýete eýedir.
Gadymy siwilizasiýalaryň dostlukly guramalarynyň ikinji Gepleşikleri halklaryň arasyndaky gatnaşyklary hasam kämilleşdirmek meselelerine bagyşlandy. Çäräni Hytaýyň Daşary ýurtlar bilen halk dostluk jemgyýeti we Gansu welaýatynyň halk hökümeti gurady.
Halkara medeni sergisiniň dowamynda forumlar, maslahatlar, tanyşdyrylyşlar we beýleki çäreler bolar.