Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň sergi merkezinde Gülnäz Rozykulowanyň ýubileý sergisiniň açylyş dabarasy boldy.
60 ýaşy bellenilýän suratkeş şahsy sergisinde 100-den gowrak eserini görkezdi, onuň döredijiligi sungat söýüjileriň göwnünden turdy. Suratkeşiň eserleri temalaryna görä birnäçe topara bölünýär, olaryň esasy bölegi ýurdumyzyň gözel tebigatyna bagyşlanýar.
Eserleri synlanyňda, Gülnäziň tebigatyň gözel ýerlerini gözläp tapandygyny we munuň üçin köp wagtyny sarp edendigine göz ýetirmek bolýar. Şeýdibem suratkeşiň «Gökdere», «Мardin», «Daglar» we beýleki eserleri döredi.
Suratkeşiň tebigatyň gözel görnüşini beýan edýän eserleriniň arasynda «Gar» atly suraty bar. Sowuk garly howada Gülnäz öýüň rahat ýylylygyny terk edip, ajaýyp görnüşleri gözlemek üçin ýene-de tebigata gidýär. Netijede, suratkeşiň çotgasy köp gar gatlagy bilen örtülen iki depäni we ýagýan garyň täsin «oýnuny» beýan edipdir. Bu surat Gülnäz Rozykulowanyň iň oňat eserleriniň biridir.
Orta asyrlaryň binagärlik we taryhy ýadygärliklerine guralan gezelenç hem suratkeşiň döredijiliginde ýer tapdy.
Döredijilik adamlary bilen ýakyn aragatnaşykda bolan Gülnäz hormat goýýan suratkeşleriniň we sazandalarynyň portret galereýasyny hem döretdi.
Olaryň arasynda keramikaçy Solmaz Muhammedowanyň we meşhur aýdym-saz mugallymy Garold Neýmarkyň portretleri aýratyn bellärliklidir.
Onuň «Nury Halmämmedowyň «Aýgytly ädim» kinofilmine ýazan sazy» atly eseri has-da täsirli bolupdyr.
Gülnäziň eserleriniň bölümlerinden biri hem milli natýurmortlardyr. Görkezilen işlere görä, Gülnäz Türkiýede, Müsürde, Pamirde bolmak bagtyna eýe bolupdyr.
Bu ýerleriň täsirleri ýubileý sergisiniň ähli bölümlerinde duýulýar.
Sergä gelenler Gülnäz Rozykulowanyň döredijiligi bilen çuňňur gyzyklanyp tanyşdylar.