Ï Türkmenistanda bank ulgamynyň iň döredijilikli zenan işgärleri kesgitlendi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda bank ulgamynyň iň döredijilikli zenan işgärleri kesgitlendi

view-icon 5281
Türkmenistanda bank ulgamynyň iň döredijilikli zenan işgärleri kesgitlendi

Aşgabatda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan guralan  «Arkadag Serdarly ösüşlere beslenen Watanyň bagtyýar zenanlary» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi.

Paýtagtymyzda geçirilen bu bäsleşikde şäher we welaýat tapgyrlarynyň ýeňijileri çykyş etdiler. Döwlet täjirçilik banklarynyň, paýdarlar jemgyýeti täjirçilik banklarynyň we olaryň şahamçalarynyň işgärleri bolan zenan hünärmenler köp ugurly endiklerini we başarnyklaryny görkezdiler.

Jemleýji synaglaryň şertlerine laýyklykda, bäsleşige gatnaşýanlar özleriniň hünäri işleri, bank ulgamyndaky täze özgerişler, bu ugurda soňky döwürde gazanylanlar we ösüşlerimiz barada gürrüň bermelidiler. Mundan başga-da, bank işgärleriniň işlerinde gazanan şahsy tejribelerini paýlaşmak mümkinçiligi bardy.

Bereketli desterhan ýazmak, ony milli türkmen tagamlary bilen bezemek ukyby bolsa halkymyzyň däpleriniň esasy bir bölegidir.

Bäsleşige gatnaşanlar üçin ýene bir synag aýdym-saz, halk döredijiligi we tans bilen çykyş etmek boldy. Bu şert boýunça ýurdumyzyň tanymal artistleri zenanlara degerli goldaw berdiler.

Döredijilik bäsleşigine gatnaşan zenanlaryň çykyşlaryna baha berýän eminler topary bäsleşige gatnaşýanlaryň ýokary hünär we döredijilik taýýarlygyny bellediler.

Lebap welaýatynyň bank ulgamynyň işgärleri bäsleşigiň ýeňijileri diýlip yglan edildi. Şeýle-de bolsa, emin agzalaryň karary bilen beýleki jemleýji tapgyra gatnaşanlaryň hemmesi-de bäsleşigiň ýeňijileri hasaplanýar.

Türkmenistanyň bank ulgamynyň işgärleriniň arasynda geçirilen bu bäsleşik ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy we milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli geçirildi. Bäsleşige gatnaşanlaryň ählisi sowgatlardyr diplomlar bilen sylaglandy.