Ï Ylham gözýetimleri: Aşgabatda Gülşat Annamyradowanyň şahsy sergisi açyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ylham gözýetimleri: Aşgabatda Gülşat Annamyradowanyň şahsy sergisi açyldy

view-icon 3627
Ylham gözýetimleri: Aşgabatda Gülşat Annamyradowanyň şahsy sergisi açyldy

2023-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Döwlet Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistan Suratkeşler birleşiginiň agzasy Gülşat Annamyradowanyň şahsy sergisi açyldy. Suratkeş Gülşat Annamyradowa Köpetdag etekleriniň we Garagum sährasynyň gözýetimden aşyp gidýän alaňlarynyň gözellikleriniň suratyny çekýär.

Gülşat Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda bilim aldy. Onuň tebigy ukyby – arassa ýerli reňkleriň köp dürli görnüşlerini görmek we utgaşdyrmak ukyby oňa dürli öwüşginleriň reňkden reňke geçişini iň gowy derejede döretmäge mümkinçilik berýär. Ýaş suratkeşiň ýata görnüşde uzap gidýän, köp halatda, friz kompozisiýalary, ilkinji garaýyşdan freskalary, ýagny diwara surat çekmek düzgünlerini ýatladýar. Onda suratkeş göni syny bozmazdan, diwaryň tekizligini saklamaga çalyşýar. Ýöne bu ýagdaýda Gülşat Annamyradowanyň suratlarynda surat giňişliginiň çuňlugyna siňýän frontal kompozisiýanyň inçe deňagramlylygy saklanýar. Iki ýa-da üç reňk ulanylanda, bu nähili mümkin bolýar?! Gülşadyň şekillendiriş düşünjesiniň özeni şol bir reňkiň dürli derejelerini köp ulanmakdyr. Suratkeş diňe şol bir reňk tekizlikleriniň çäginde bir reňkden beýleki reňke endigan geçişleri döredýär. Şunuň ýaly ajaýyp reňk öwüşginlerini hakyk, oniks we ýaşma ýaly ýarym gymmat bahaly daşlaryň tekizliginde görmek bolýar.

Gülşat ýagty howa gurşawyny reňkleri garyşdyrmak arkaly däl-de, ýerli geçişleriň doýgunlygyny kem-kemden artdyrmak ýa-da kemeltmek arkaly döredýär. Gülşadyň suratlarynda adaja owsun bar, ýöne şol bir wagtyň özünde, ajaýyp sazlaşyk güýji-de bar. Suratkeş Günüň ýaşyşyny we doguşyny suratlandyrmagy halaýar, Gün şuglasyny görkezmegi halaýar. Gün şuglasy onuň suratlarynda esasy hereket edýän närseleriň biridir. Suratkeş şonuň kömegi bilen geljekki meýilnamalaryň gapma-garşylyklaryny we şu ýordumdan özünde galan täsirleri emele getirýär.

Gülşat Annamyradowanyň suratlarynda geçip barýan pursat bar. Şekillendirilen zatlaryň hiç biri-de uzakçyl däl, bu ýagdaý tizden geçip gider. Ýöne nazaryň ýene-de ýorduma gaýdyp gelýär we bu ýagdaý baky dowamata eýe bolýan ýaly bolýar.

Gülşadyň suratlaryndaky reňk utgaşmalarynyň nepisligi açyk howada ýüze çykýan aýdyň gapma-garşylyklaryň sepgidinde deňleşýär. Altynsow sary alaňlar «ýanýar» we günortanyň Gün şöhlelerini serpikdirýär. Aýdyň gök asman Beýik Ýüpek ýolunyň kerwenleriniň müňlerçe ýyllap gatnan Garagum sährasynyň jöwzaly çägesini sowatmakdan ejiz gelýär. Garagum wagta we taryha agalyk etmegini dowam etdirýän ýeňip bolmajak güýçlügine galýar.

Gülşadyň suratlarynda sähranyň jöwzasy, çäge tolkunlarynyň galdyran keşleri geçýän äpet alaňlar zabun dartgynlylyga eýe däl, tersine, tutuş ýorduma şahyrana hörp siňdirilipdir. Käbir suratlarynda bolsa nähilidir bir aýratyn rahatlandyryjy häsiýet bar.

Gülşadyň suratlarynyň öwüşginli özboluşlylygy giňişlikdäki sudurlary ýakymly görkezýän ýeňiljek dury kölegeler siňdirilen arassa ýerli reňkleriň ada deňagramlylygyna esaslanýar.

Azat Annaýew,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri.