Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynda «Ylmyň himiki tehnologiýalar ugry boýunça ylmy-barlag işleriniň alnyp barlyşy we gazanylan netijeler» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Maslahata Himiýa institutynyň alymlary, aspirantlary we dalaşgärleri hem-de ýaş tejribeli hünärmenleri bilen bir hatarda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň garamagyndaky ylmy-barlag institutlarynyň alymlary, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri bolan Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň professor-mugallymlary, talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Çykyşlarda Garaşsyzlyk ýyllaryndaky himiýa ylmynyň üstünlikleri we ýurdumyzyň ösýän senagatynyň esasy pudaklarynyň biri bolan himiýa senagatynyň ösüşleri jikme-jik beýan edildi.
Dünýäniň ylymda we tehnologiýada gazananlarynyň ýurdumyzda diwersifikasiýalaşdyrmak bilen täze zawodlaryň gurulmagy, himiýa önümleri bilen içerki islegi kanagatlandyrmak we bu ugurda eksport mümkinçilikleriň artdyrylmagyny gazanmak boýunça ýetilen sepgitler beýan edildi.
Nebit-gaz himiýa senagatlarynyň ösüşi we gazanylan üstünlikleri, himiki tehnologiýalar ugrunda ylymda gazanylan netijeleriň önümçilige ornaşdyrylyşy ýaly meseleler nygtaldy.
Şunuň bilen baglylykda, maslahata gatnaşyjylar «Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» çäginde innowasion himiýa tehnologiýalaryny ösdürmek ugrunda mundan beýläkki ylmy gözlegler üçin ileri tutulýan ugurlary ara alyp maslahatlaşdylar.
Himiýa ylmynyň gazananlarynyň önümçilik bilen baglanşygyna, nebit-gaz pudagynda ylmy-barlag işleriniň ornuna, ýaşlary bu ylma çekmäge, ýerli çig mallaryndan dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply himiki önümleriň alnyşyna aýratyn üns berildi.