24-nji sentýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçiriler.
Däp boýunça, ýurduň durmuşyndaky bu möhüm waka jemgyýetçilik ulaglaryny bezeýän dabaraly şygarlar bilen utgaşýar.
Şu günler ak mermere beslenen paýtagtymyzyň ýollarynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar», «Arkadagyň ýoly – ak geljegiň ýoly», «Döwlet adam üçindir!» diýen ýaly köp sanly baýramçylyk ýazgyly awtobuslar peýda boldy.
Türkmenistanyň her bir raýatyna tanyş bu şygarlar we çagyryşlar ýurduň durmuşyndaky iň möhüm waka garaşýan adamlaryň köňüllerini şatlandyryp, hoş ýylgyryşy bagyşlaýar.
