Şu ýylyň 11-nji oktýabrynda Aşgabat şäherinde «Gündogaryň meşhur akyldary we lukmany Abu Aly ibn Sinanyň umumadamzat ähmiýetli mirasy» atly halkara ylmy maslahaty geçiriler. Bu barada sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde wise-premýer N.Amannepesow hasabat berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarynyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlanyp, guralmagy meýilleşdirilýän utgaşykly görnüşdäki foruma ýurdumyzyň hünärmenleri bilen birlikde, daşary ýurtlaryň birnäçesinden alymlaryň, professorlaryň we mugallymlaryň gatnaşmagyna garaşylýar.
Bu maslahatyň halkara ylmy hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, Abu Aly ibn Sinanyň köptaraply mirasyny, bitiren hyzmatlaryny açyp görkezmek babatda ähmiýeti örän uly bolar. Foruma gatnaşyjylar «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň çäklerinde geçiriljek çärelere gatnaşarlar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Gündogaryň meşhur akyldarynyň ylmy mirasynyň gymmatlylygyna, şeýle hem häzirki zaman lukmançylygynda giňden ulanylýan maslahatlaryna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz ýola goýlan netijeli halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin şeýle çäreleriň aýratyn ähmiýete eýedigini belläp, wise-premýere bu forumy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin ähli çäreleri görmegi tabşyrdy.