Şu ýylyň 18-nji sentýabryndan 22-nji sentýabry aralygynda ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymlary we talyplary üçin okuw gurady.
«Jenaýatçylykly ýol bilen gazanylan puly kanunlaşdyrmaga we terrorçylygy maliýeleşdirmäge garşy göreş» temasyna bagyşlanan wideo okuwlar tapgyry onlaýn görnüşde geçirildi.
Çärä institutyň maliýe, buhgalter hasaby we bank işi kafedralarynyň mugallymlary, şeýle hem maliýe, maliýe monitoringi, maliýe menejmenti ugurlaryndan bilim alýan üçünji, dördünji we bäşinji ýyl talyplary gatnaşdylar.
Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) merkezi bilermeni Daniýar Sarbagişewi maliýe institutynyň mugallymlary we talyplary üçin okuw sapaklaryny geçirmäge çagyrdy. Bilermen diňleýjiler üçin jenaýatçylykly ýol bilen gazanylan puly kanunlaşdyrmaga we terrorçylygy maliýeleşdirmäge garşy göreş ulgamyny, töwekgelçiliklere baha bermegi we olara gözegçiligi kämilleşdirmek barada jikme-jik gürrüň berdi.
Okuwyň dowamynda oňa gatnaşyjylara FATF-iň maliýe gözegçilik ulgamynyň esasyny düzýän teklipleri barada takyk habar berildi. Gürrüň teklipleriň mazmuny, bölümleri we umuman FATF-iň işi barada boldy.
Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna garşy maliýe çärelerini işläp taýýarlaýan Toparyň (Financial Action Task Force on Money Laundering, FATF) bikanun ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreşde dünýä ölçeglerini işläp taýýarlaýan, şeýle hem milli ulgamlaryň bu ülňülere laýyklygyna baha berýän hökümetara guramadygyny bellemek gerek.
Bu okuw meýilnamasyna laýyklykda, maliýe gözegçilik ulgamy bilen baglanyşykly aýry-aýry temalar ara alnyp maslahatlaşyldy. Sapaklaryň ahyrynda mugallymlara we okuwçylara bilermen bilen pikir alyşmaga hem-de okuw wagtynda ýüze çykan soraglary bermäge mümkinçilik boldy. Diňleýjiler bu okuwyň bilim derejesini has-da ýokarlandyrandygyny we tema boýunça bilimlerini artdyrandygyny bellediler. Bilermen, öz gezeginde, okuw materiallary boýunça diňleýjilerden sowal-jogap alşandan soň okuwyň netijeliligine ýokary baha berdi.
Maliýe gözegçilik ulgamyndaky möhüm temalara bagyşlanyp okuw geçirilmegi geljekki hünärmenleri taýýarlamaga uly goşant goşdy, talyplaryň nazaryýet bilimlerini çuňlaşdyrmaga we mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmaga ýardam etdi.