Ï Molýeriň gahrymanlary türkmen tomaşaçylarynyň göwnünden turdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Molýeriň gahrymanlary türkmen tomaşaçylarynyň göwnünden turdy

view-icon 4528
Molýeriň gahrymanlary türkmen tomaşaçylarynyň göwnünden turdy
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynda Žan Batist Molýeriň «Skapeniň hilegärligi» spektaklynyň ilkinji görkezilişi  şowly geçdi.

Wakalar XVII asyrda Neapolda gadymy italýan galalarynyň eteginde ýerleşýän şäher meýdançasynda bolup geçýär. Haýran galdyryjy wakalaryň baş gahrymany   hyzmatkär Skapen. 

Nusgawy dramaturgiýada  her hili pirimler bilen hojaýynynyň gözüni-başyny aýlap ýören mekir hyzmatkärler barada tutuş bir edebi akym bar.   Hyzmatkär hojaýynlaryndan has mekir bolsa, gahrymanlaryň ykbaly gowy bolýar. Döwürdeşlerinden bir wagtlar Molýeriň özüniň sahnada kezzap  Skapeniň keşbini  döredendigi  barada maglumat galypdyr. Munuň özi Skapeniň dramaturga ýarandygyna, onuň özüniň  mekir gahrymanyň keşbini höwes bilen döredendigine şaýatlyk edýär.

Pýesanyň ýordumy şeýleräk. Iki jenap söwda işi bilen  Neapoldan gidenlerinde  ogullaryny hyzmatkärleriniň garamagynda galdyrýarlar. Şol wagta çenli bir ogly ýaş sygana öýlense, beýlekisi täzelikde ejesinden jyda düşen we  eklençsiz galan bir gyza aşyk bolýar. Atalarynyň gaýdyp gelýändigi baradaky habar ýaşlary lapykeç edýär. Diňe Skapen ýüze çykan kyn ýagdaýlardan çykalga tapyp biljekdi. Şeýle hem “Skapeniň hilegärligi” spektaklyna tomaşa edip, hem onuň ýagdaýdan baş alyp çykyşyny bilersiňiz,  hem-de oýundan uly lezzet alarsyňyz.

Joşgunly aýdymlar, neapolitan we sygan sazlarynyň tolgundyryjy owazy, syganlaryň geň-enaýy eşikleri we köpçülikleýin sahnalarda çykyş edýänleriň tolgundyryjy tanslary spektaklda şadyýanlyk ruhuny  döredýär.

Sahna oýnunyň režissýory Merdan Handurdyýew: "Maňa, köplenç, "Skapeniň hilegärligi" spektaklynyň "Balzaminowyň öýlenişi" spektaklyna meňzemeýändigini aýdýarlar. Olaryň meňzeş bolmaga haky hem  ýok. «Balzaminowyň öýlenişi» wodewil, liriki komediýa bolsa, «Skapeniň hilegärligi» dramatik komediýa. Ol tomaşaçylary hormata, söýgä we bagtyýarlyga çagyrýar. Bu ýerde her kim biri-birini aldaýar – çagalary ata-enesini, ene-atasy  biri-birini. Ýöne ol hoşniýet, haýryň hatyrasyna edilýän al,  spektaklyň jemlemesi hemmäni özara ylalaşyga alyp barýar.

Aktýor Ýazgeldi Potjykow Skapeniň keşbini täsirli döredipdir. Bu onuň ilkinji baş keşbi. Ýazgeldi  birinjiden, tansa ökde, onuň hereketleri nepis, ikinjiden, telewideniýede ses berýär. Skapen üçin bolsa gepleýiş endigi juda möhümdir, çünki onuň dili duzly.

Oýun goýujy-suratkeş Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Batyr Bekmyradow  sahna bezeginde köp yşykly  giňişlik döredipdir. Batyr Gylyçdurdyýew gowy saz bezegini tapypdyr. Spektakla uly goşant goşan tanslary goýujy  Olga Wasilýewa şeýle gürrüň berýär:

- Öňümde  garagol syganlaryň häsiýetini görkezmek meselesi goýuldy. Tans oýnanlarynda aktýorlaryň gözlerinde dörän uçganaklary görüp,  maksadyma  ýetendigime düşündim. Aktýorlar tanslary özleşdirmek üçin uly höwes  bilen işlediler. Hatda olaryň käbiri  sahnada has ýiti ýalpyldar  ýaly öýünden  monjukdyr gülýaka hem getirdiler.

Spektaklyň ahyrynda režissýoryň eden işiniň netijesi görünýär. Mähelle Skapeni meýdançada ýeke goýýar. Ol şol wagt özüni ýalňyz duýýar. Emma bu uzaga çekmeýär. Syganlar gaýdyp gelip, oňa miwe, bir bulgur şerap hödürläp, onuň aladasyny edýärler,  şol wagtam ýaş jenaplar ony  nahara çagyrýarlar.

Hekaýat  Skapeniň kömegi bilen gowy tamamlanýar, ol şeýdibem hormat  gazanýar.