Paýtagtymyzyň «Aşgabat» medeni we dynç alyş seýilgähinde inklýuziw festiwal geçirildi.
![]() |
![]() |
![]() |
![]() |
Dürli jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, işjeň ýaşlar, meýletinçiler, çagalar we olaryň ene-atalary şenbe güni öýlän çäräniň şygaryna laýyklykda döredijilik gurşawynda öz başarnyklaryny we zehinini görkezmek üçin «Biz dürli, emma deň» atly çärä ýygnandylar.
Seýilgähiň çäkleri birnäçe tematiki: sport we güýmenje, maglumat we bilim, aýdym-saz we döredijilik ýaly meýdanlara bölündi.

Döredijilik diwarlyklarynda mümkinçiligi çäkli bolan adamlar tarapyndan döredilen çeper suratlar, ýumşak oýnawaçlar, senetler we senetçilik önümleri ýerleşdirilipdir.
Her dürli oýunlara we bäsleşiklere gatnaşyp, mümkinçiligi çäkli bolan adamlar özlerini has ynamly we rahat duýmagy başardylar.

Festiwalyň her bir myhmany ýeriň ýüzünde surat çekmek, küşt oýnamak we sport estafetasy ýaryşlaryna gatnaşdylar.
Bäsleşiklerde öňe saýlanan çagalar baýraklara mynasyp boldular we festiwalyň nyşany ýerleşdirilen ýadygärlik sowgatlaryna eýe boldular.

Çäre aýdym-sazly konsert we tans bilen jemlendi.
«Biz dürli, emma deň» festiwalynyň Aşgabatda ikinji gezek geçirilýändigini bellemelidiris. Ol jemgyýetde ynsanperwerlik medeniýetiň emele gelmegine goşant goşýar we her bir zehinli çaga özüni üstünlikli duýmaga hem-de uly basgançaga çykmaga mümkinçilik berýär.
Çäre Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň goldawy bilen geçirildi.
Bu çäre BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasy we BMG-niň Adam hukuklary boýunça Merkezi Aziýadaky sebitleýin bölümi tarapyndan raýat jemgyýeti guramalary bilen bilelikde Adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasynyň kabul edilmeginiň 75 ýyllygyna bagyşlanan bütindünýä başlangyjyň çäginde guraldy.



