Ï Daşoguzda howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly konferensiýa geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daşoguzda howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly konferensiýa geçirildi

view-icon 5504
Daşoguzda howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly konferensiýa geçirildi

Daşoguzdaky Türkmen oba hojalyk institutynda geçirilen konferensiýanyň dowamynda ýaş nesliň howanyň üýtgemegine garşy göreşe gatnaşmagy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Çäräni Türkmenistanyň hökümeti BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy, Beýik Britaniýanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň diplomatik wekilhanalary bilen bilelikde gurady.

Bu çärä 17 ýaşdan 30 ýaş aralygyndaky ýaşlar, Durnukly ösüş maksatlaryň ýaş ilçileri, ilçihananyň işgärleri we BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko gatnaşdy.

Olar dünýä jemgyýetçiliginiň ýüzbe-ýüz bolýan daşky gurşaw meselelerini, şol sanda howanyň üýtgemegi, durnukly oba hojalygy we onuň howanyň üýtgemegine uýgunlaşmagy we Aral deňzi bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça bütin dünýäde edilýän tagallalar ýaşlaryň gatnaşygy bolmazdan üstünlik gazanyp bilmez.

Bütin dünýäde 10 ýaşdan 24 ýaş aralygyndaky 1,8 milliard ýaşlar bar, bu taryhda iň uly ýaş nesildir.

Ýaşlar howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly kynçylyklara we töwekgelçiliklere hem-de howanyň üýtgemegine garşy göreşmek arkaly durnukly ösüş gazanmak mümkinçiliklerine has gowy düşünýärler.

Ýaşlar telekeçiler we täzelikçilerdir.

Bilimde, ylymda ýa-da tehnologiýada bolsun, ýaşlar howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly çäreleri çaltlaşdyrmak üçin öz tagallalaryny güýçlendirýärler we başarnyklaryny ulanýarlar.