Türkmenistanyň Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýinde Hatyra güni mynasybetli türkmen suratkeşleriniň suratlarynyň we heýkelleriniň sergisi açyldy.
Serginiň açylyş dabarasynda çykyş eden myhmanlaryň arasynda entek ýaşajyk wagty bolan ýer titremesini başdan geçiren paýtagtymyzyň ýaşaýjysy Atageldi Mälikgulyýew hem bar. Olaryň öýleri ýykylmady, maşgalanyň hiç birine-de şikes ýetmedi.
Tutuş dünýäni sarsdyran Aşgabat ýer titremesinden bäri 75 ýyl geçdi. Türkmenistanyň halkynyň buýsanjyna öwrülen owadan şäher eýýäm gaýtadan guruldy.
Suratkeş Toýmämet Esenmämmedow öz suratlarynda tebigy betbagtçylygyň penjesine düşen adamlaryň başdan geçiren elhençligini beýan etdi.
Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýew «Näme üçin aglaýarsyň, eje?» diýen täsir galdyryjy suraty çekdi. Gije çagalaryna görkezmän, aýal maşgala öz adamsynyň köýnegini döşüne gysyp, gizlin aglaýar. Onuň adamsy maşgalanyň bagtyna frontdan diri gaýdyp gelse-de, öz öýüniň harabalygynyň astynda galypdyr.
Gökdepe galasyny goraýjylara halkymyz tarapyndan hemişe Watana bolan gaýduwsyzlygyň, edermenligiň mysaly hökmünde garalýar.
Türkmenistanyň halk suratkeşi Ýakup Annanurow «Gökdepe söweşi» atly suratyň awtory. Şeýlelik bilen awtor diňe bir esgerleriň däl, eýsem, parahat ilatyň hem uruş betbagtçylygyny başdan geçirýändigini bellemek isläpdir.
Serginiň üçünji bölümi Gulnazar Bekmyradowyň «1941» atly suraty bilen başlanýar. Suratyň ady adamlaryň ilkinji gezek başyna gelen ählumumy hasrat habary bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny görkezýär.
Nikolaý Çerwýakowyň demir ýol düzüminiň ýanyndaky «Ugradyş» suratynda garyndaşlary öz doganlaryny we ogullaryny urşa ugradýarlar. Elbetde, suratda gözýaşlar we duşmany çalt ýeňip, yzlaryna sag-aman dolanmaklaryny isleýän arzuwlar bar.
Aleksandr Saurowyň «Täzelikler» suratynda adamlaryň tylda nähili ýaşandyklary barada gürrüň berilýär. Suratda adamlar soňky habarlary bilmek üçin köçedäki reproduktoryň ýanyna ýygnanypdyrlar.
Harby tema heýkeltaraş Welmyrat Jumaýewiň eseri — ýeňijileriň duşuşygy bilen dowam edýär. Olaryň şatlygyny we bagtyny söz bilen beýan edip bolmaz.
Sergi gurluşyk hakda çekilen suratlar bilen tamamlandy. Olaryň arasynda Atageldi Almämmedowyň «Gurluşykçy» eseri tema taýdan has-da tapawutlanýar. Gurluşyk üçin iň parahatçylykly hünäri saýlan bir ýaş ýigit, täzeden gurlan gözel Aşgabady buýsanç bilen synlap otyr.
Uruşlaryň hemmesi parahatçylyk bilen gutarýar, ýöne olar asla bolmasa has gowy bolardy.