Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil – Adalatçy Ý.Gurbannazarowa 2023-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda Demirgazyk Makedoniýanyň paýtagty Skopýe şäherinde geçirilen «Saýlamak hukugy: reproduktiw saglyk meseleleri boýunça karara gelmekde aýallaryň we gyzlaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek» atly ýokary derejeli sebit maslahatynyň işine gatnaşdy.
Bu sebitleýin maslahat sebitde kabul edilen borçnamalary gözden geçirmek we ösüşiň sebit meýilnamasyny düzmek üçin Hereket koalisiýasynyň çäginde guraldy.
Maslahata 100-e golaý öňdebaryjylar, çözgüt çykaryjylar, raýat jemgyýetiniň işjeň agzalary, ýaş ýolbaşçylar, bilermenler we beýleki gyzyklanýan taraplar gatnaşdylar.
Maslahatda üstünlikler we täze kynçylyklar, ilatyň ýagdaýy hem-de ösüşi boýunça halkara konferensiýasynyň tarapdarlaryny sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmekde birleşdirmegi maksat edinýän strategiýany işläp düzmek barada pikir alyşdylar.
Çykyşlarda aýdylyşy ýaly, bu çäre 1994-nji ýyldaky Ilat we ösüş boýunça halkara konferensiýasy tarapyndan kabul edilen Hereket Meýilnamasynyň ýerine ýetirilişinde sebitleýin syn bermäge goşant bolar we onuň jemi 2023-nji ýylyň 19-20-nji oktýabrynda Ženewada geçiriljek sebitleýin syn konferensiýasy bilen jemlener.
Türkmenistan zenanlaryň we gyzlaryň hukuklary babatda halkara konwensiýalaryň işjeň agzasy bolmak bilen, olaryň jemgyýetiň we döwletiň durmuşyna giňden gatnaşmagynyň tarapdary bolup çykyş edýär.
Ýurdumyzda zenanlaryň reproduktiw hukuklaryna we saglygyna uly üns berilýär, aýallaryň we gyzlaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça döwlet maksatnamalary, milli meýilnamalar hereket edýär, çaganyň we enäniň saglygyny goraýyş döwrebap «Ene mähri» merkezleri işleýär, aýallaryň we gyzlaryň hukuklaryny ilerletmek boýunça dürli çäreler geçirilýär we sebit hem-de halkara derejesinde netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary amala aşyrylýar.
Ilatyň ýagdaýy we ösüşi boýunça halkara konferensiýasynyň 30 ýyllygyna taýýarlyk görmek üçin Türkmenistanyň Hökümeti we Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasy (UNFPA) sentýabr aýynda IÝÖHK hereketler meýilnamasyny durmuşa geçirmegiň gidişine syn bermek üçin ýokary derejeli milli konferensiýa geçirdi.
Paýtagtymyzda geçirilen konferensiýada gyzyklanýan taraplar ýokary hilli reproduktiw saglygy goraýyş hyzmatlaryna elýeterliligi gowulandyrmaga, jyns taýdan deňligi we demografiki durnuklylygy ýokarlandyrmak arkaly maşgalany meýilleşdirmäge hem-de enäniň saglygy üçin ählumumy elýeterliligi üpjün etmäge aýratyn üns çekdiler.