Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärlerine iberen Gutlagynda milli saglygy goraýyş ulgamynyň maksatnama özgertmelerini durmuşa geçirmekde köptaraply halkara hyzmatdaşlygynyň aýratyn ornuny belleýär.
Bu işler ýöriteleşdirilen infrastrukturany giňeltmekde we enjamlaşdyrmakda, döwrebap hassahanalaryň gurluşygy üçin daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmekde, ylym we kliniki merkezleri, derman öndürýän kärhanalary, lukmanlaryň hünärini ýokarlandyrmakda, ilata ýokary hilli bejeriş we öňüni alyş hyzmatlaryny bermekde, ylmy we lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmekde işjeň alnyp barylýar.
Halkara tejribäni ulanmak bilen paýtagtymyzda peýda boljak 250 orunlyk Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi, 400 orunlyk Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi, 500 orunlyk Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezi, 160 orunlyk Stomatologiýa merkezi we Halkara pediatriýa merkezi ýaly uly desgalaryň gurluşygynda we enjamlarynda daşary ýurt tehnologiýalaryna we enjamlaryna uly ähmiýet berilýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň paýtagtymyz boýunça iş sapary wagtynda şol we beýleki taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň ýagdaýy bilen tanyşmagynyň dowamynda Yslam ösüş bankynyň ýurdumyzyň Mary, Balkan we Lebap welaýatlarynda gurulmagy meýilleşdirilýän halkara derejeli onkologiýa merkezleriniň gurluşyklaryny maliýeleşdirmek boýunça öz tekliplerini hödürleýändigi baradaky hoş habar aýdyldy.
Yslam ösüş banky bilen özara gatnaşyklary has-da güýçlendirmegiň möhümdigini belläp, türkmen halkynyň Milli Lideri keselleriň öňüni almak, anyklamak we degişli bejergileri geçirmek babatda öňdebaryjy tejribäniň ulanylmagynda we saglygy goraýyş ulgamyna degişli desgalaryň dünýäniň iň kämil enjamlary bilen üpjün edilmeginde daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryň ähmiýetlidigine ünsi çekip, Yslam ösüş banky bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň, bilelikdäki taslamalary yzygiderli amala aşyrmagyň wajypdygyny belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi.
«GAP Inşaat» kompaniýasy häzirki döwürde Aşgabatda saglygy goraýyş ulgamyna degişli häzirki zaman merkezleriniň gurluşygyny alyp barýar.
Gahryman Arkadagymyz kompaniýanyň ýolbaşçysy bilen bolan söhbetdeşlikde işleriň ýokary derejede, öz wagtynda tamamlanmagy bilen bir hatarda, ekologik kadalaryň hem-de halkara ölçeglere laýyklykda daşky gurşawy goramak babatdaky talaplaryň pugta berjaý edilmeginiň möhüm ugur bolup durýandygyny belledi.
Türkmenistan dünýäniň ýurtlary we iri halkara guramalary bilen saglygy goraýyş pudagyndaky hyzmatdaşlygy yzygiderli güýçlendirýär. Şunuň ýaly möhüm ugurlarda telemedisina we telekonferensiýalaryň üsti bilen tejribe alyşmak ýaly öňdebaryjy usullary ornaşdyrmak bilen birlikde ylmy we lukmançylyk hyzmatdaşlygynyň giňelmegine uly ähmiýet berilýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, lukmançylyk we ylmy diplomatiýa pudagynda hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ösdürmek bilen birlikde Birleşen Milletler Guramasy, onuň ýöriteleşdirilen düzümleri, aýratyn-da, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, dünýäniň öňdebaryjy saglygy goraýyş edaralary we ylmy-barlag merkezleri bilen gatnaşyklar has-da işjeňleşdirilýär.
Saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda Türkmenistanyň oňyn tejribesi halkara derejesinde ykrar edilýär. Munuň subutnamalarynyň biri, ilaty ýokary hilli bejergi we öňüni alyş hyzmatlary bilen üpjün etmekde gazanan üstünlikleri üçin BSGG-niň Ýewropa sebit edarasy tarapyndan ýurdumyza ýörite nyşanyň gowşurylmagydyr.