Türkmenistanyň wekiliýeti Almatyda geçirilen Merkezi Aziýada zenanlaryň dialogy «Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» halkara konferensiýasyna gatnaşdy. Bu çäre Gazagystandaky «BMG – zenanlar» düzüminiň we BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit merkeziniň goldawy bilen guraldy.
Maslahatyň maksady «Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» meýilnamasyny durmuşa geçirmek, gapma-garşylyklaryň öňüni almak we parahatçylygy ösdürmek üçin sebitleýin platformalara zenanlaryň gatnaşmagynyň mehanizmlerini utgaşdyrmak.
Oňa Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky zenanlar we maşgala – demografik syýasaty boýunça Milli komissiýanyň agzalary, Dialoga gatnaşýan ýurtlaryň parlamentarileri, döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary, diplomatik korpusyň we hökümete dahylsyz hem-de halkara guramalaryň wekilleri, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bilermenler jemgyýetiniň wekilleri gatnaşdy.
Maslahatyň dowamynda gatnaşyjylar BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň Merkezi Aziýada 1325-nji kararyny ýerine ýetirmekdäki öňegidişlikleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem Merkezi Aziýada 2030-njy ýylyň gün tertibiniň çäginde «Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» borçlarynyň ýerine ýetirilişiniň geljegi barada pikir alyşdylar.
Çekişmeleriň dowamynda zenanlaryň syýasy we ykdysady durmuşy bilen baglanyşykly ähli meselelere zenanlaryň gatnaşygyny güýçlendirmek, belli bir howpsuzlyk meselelerini üpjün etmek hem-de çözmek zerurlygy bellenildi.
Duşuşygyň ahyrynda maslahata gatnaşyjylar BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň sebitlerde «Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» Rezolýusiýasynyň ýerine ýetirilmegini güýçlendirmek üçin şertleri döretmek baradaky borçnamalar bilen jemleýji resminamany kabul etdiler.
Merkezi Aziýanyň zenanlarynyň Dialogy sebitdäki häzirki ösüş meselelerini ara alyp maslahatlaşmak we sebitdäki zenan parlamentarileriň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin resmi däl platformadyr. Dialog BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit merkeziniň, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň we BMG – zenanlar düzüminiň goldawy bilen döredildi we işleýär.
Türkmenistan Dialoga 2022-nji ýylda ýolbaşçylyk etdi.