Ï Magtymguly Pyragy — dünýä ähmiýetli şahsyýet
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Magtymguly Pyragy — dünýä ähmiýetli şahsyýet

view-icon 16820
Magtymguly Pyragy — dünýä ähmiýetli şahsyýet

Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik şahyry we akyldary, türkmen nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutujy Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy halkara derejede dabaraly belleniler. Onuň döredijilik mirasy bahasyna ýetip bolmajak milli gymmatlyk hökmünde dünýä medeniýetiniň hazynasynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Asyrlaryň geçendigine garamazdan, türkmen halkynyň görnükli oglunyň döreden eserleri özüniň ähmiýetini ýitirmän, ýurdumyzdan has uzaklarda-da uly meşhurlyga eýedir. Sebäbi olarda Watana söýgi, ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik, döredijilige, dost-doganlyga çagyryş ýaly hiç wagt ähmiýetini ýitirmejek umumadamzat gymmatlyklary öz aýdyň beýanyny tapýar.

Magtymgulynyň dürli halklaryň dillerine terjime edilen goşgulary dünýäniň ähli künjeginde ýaşaýan adamlaryň kalplarynda öçmejek yz goýýar. Russiýada, Türkiýede, Eýranda, Özbegistanda, Ukrainada we beýleki ýurtlarda türkmeniň beýik nusgawy şahyrynyň hormatyna ýadygärlikler dikildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary mynasyp orun alan medeni syýasat üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şonuň netijesinde, beýik şahyryň hem-de filosofyň döredijiligi ylmy esasda ýurdumyzda, daşary döwletlerde giňişleýin we çuňňur öwrenilýär. Magtymguly Pyragynyň täze joşgunda, belent ruhda ýaňlanýan şygryýeti häzirki döwürde dünýäniň halklary bilen dostluk, goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmek, halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ýaly halkymyzyň asylly ýörelgeleriniň waspçysyna öwrüldi.

Şundan ugur alyp, geçen ýylyň dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şanly senäni dabaraly bellemek boýunça degişli Karara gol çekendigini we geçiriljek çäreleriň Meýilnamasyny tassyklandygyny bellemelidiris. Şunuň bilen baglylykda, degişli guramaçylyk topary döredildi. Häzirki wagtda ýurdumyzda we daşary ýurtlarda Magtymguly Pyraga bagyşlanan mowzuklaýyn duşuşyklar, forumlar, tanyşdyrylyş dabaralary, beýleki döredijilik çäreleri geçirilýär.

Türkmen halkynyň durmuş filosofiýasy, parasatly däp-dessurlary, ýokary ruhy-adamkärçilik gymmatlyklary, berkarar, gülläp ösýän döwlet hakyndaky arzuwlary meşhur watandaşymyzyň baý we köpugurly şygryýetinde öz beýanyny tapypdyr. Bu ýagşy umyt-arzuwlar häzirki döwürde hasyl boldy. Magtymgulynyň ynsanperwer pikirleri bolsa Garaşsyz, Bitarap ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň esaslaryny düzdi.

Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) 2024-nji ýyly “Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly” diýip yglan etmegi, şeýle hem onuň golýazmalar toplumynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) “Dünýäniň hakydasy” maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi ady belli söz ussadynyň döredijiliginiň umumadamzat ähmiýetlidigini görkezýär. 1992-nji ýylda döredilen bu maksatnama dünýäniň aýratyn ähmiýete eýe bolan ýazuw ýadygärliklerini gorap saklamagy, giň jemgyýetçiligiň olara elýeterliligini üpjün etmegi göz öňünde tutýar.

Beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň goşgular toplumy onuň XVIII-XIX asyrlarda ýurdumyzyň çäklerinde saklanyp galan golýazma eserlerini öz içine alýar. Biziň günlerimize gelip ýeten mirasyň bu seýrek nusgalary diňe bir türkmen halkynyň däl-de, ähli türki halklaryň, Merkezi Aziýa, Ýewropa edebiýatynyň hem gymmatlygydyr. Bu ýygyndy Magtymgulynyň golýazmalaryndan we onuň ýakyn garyndaşlarynyň, ildeşleriniň, şahyrlaryň, alymlaryň, halk bagşylarynyň dilinden ýazylyp alnan 80-den gowrak diwandan ybaratdyr. Häzirki wagtda Daşkendiň, Sankt-Peterburgyň, Londonyň, Budapeştiň, Stambulyň gaznalarynda saklanýan golýazmalaryň nusgalary-da bar. Olaryň käbiri XVIII asyra degişli kitaplardyr.

Şeýle hem Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk baýramçylygy ÝUNESKO-nyň 2024-2025-nji ýyllardaky şanly seneleriniň sanawyna girizildi. Ýurdumyzyň bu başlangyjy ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň şu ýylyň maýynda Pariž şäherinde geçirilen mejlisinde makullanyldy. Bu çözgüt meşhur nusgawy şahyryň döredijiligini diňe bir wagyz etmek bilen çäklenmän, ýurdumyz tarapyndan öňe sürülýän medeni diplomatiýany ählumumy derejede ilerletmäge hem ýardam eder.

Şanly senä bagyşlanyp, şu ýylyň iýun aýynda Aşgabatda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri we Magtymguly Pyragy” atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Bu forum Magtymgulynyň ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň edebiýaty, medeniýeti öwreniji, taryhçy alymlary üçin iň özüne çekiji şahsyýetleriň biridigini tassyklady. Şunda beýik söz ussadynyň Gündogar halklarynyň milli edebiýatlarynyň ösüşindäki täsirini öwrenmek ýaly ugurlara aýratyn üns berilýär.

Maslahata gatnaşyjylaryň nygtaýyşlary ýaly, Magtymguly Pyragy täze sahypany açypdyr: ol öz döwrüniň milli çeperçilik usullary we oňyn ýörelgeleri bilen şygryýet dünýäsini baýlaşdyrypdyr. Alymlar şol döwrüň gaýry dillerinden gelip çykýan hem-de kabul edilen edebi ýörelgelerinden saplanyp, Magtymgulynyň öz şygryýetini türkmen diliniň özboluşly tebigy gurluşyna mahsus we halkyň gepleşik dilinde düzendigine aýratyn ünsi çekdiler. Onuň goşgulary halk döredijiliginiň ruhuna, çeperçiligine çuňňur aralaşýar. Şonuň üçin-de, bu eserler halkymyz tarapyndan gyzgyn garşylanyp, hiç wagt ähmiýetini ýitirmeýär. Magtymguly Pyragy dünýä ähmiýetli şahsyýet bolup, onuň dürli dillerde ýaňlanýan ruhlandyryjy eserleri häzirki günde hem, ýüz ýyl mundan ozalky ýaly, uly joşgun bilen umumadamzat gymmatlyklaryny dünýä ýaýýar. Beýik türkmen şahyry şygryýetiň özara gatnaşyklaryň ählumumy kabul edilen görnüşidigine, adamyň durmuşda ýetmek isleýän iň esasy zadyna ýetmegiň açarydygyna ynanypdyr we bu babatda toplan tejribesini beýlekiler bilen paýlaşypdyr.

Aşgabadyň günorta böleginde gurlan Magtymguly Pyragynyň ägirt uly ýadygärligi hem beýik şahyryň ömrüne, döredijilik mirasyna häzirki döwrüň nesilleri tarapyndan uly sarpa goýulýandygynyň nyşanydyr. Bu ýadygärligi öňde boljak baýramçylygyň çäklerinde açmak meýilleşdirilýär. Milli nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekiliniň hormatyna Köpetdagyň ajaýyp dag eteginde ýerleşýän medeni-seýilgäh toplumyny döretmek taslamasy bu ýerde alnyp barylýan işleri hemişe üns merkezinde saklaýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürüldi.

Gahryman Arkadagymyzyň teklibi boýunça toplumyň çäklerinde daşary ýurtlaryň nusgawy şahyrlarynyň we akyldarlarynyň heýkelleri hem oturdylar. Bu Magtymguly Pyragynyň parasatly goşgularynda wasp edilýän halklaryň dost-doganlygynyň, hoşniýetli goňşuçylygynyň aýdyň beýanyna öwrüler.

Milli Liderimiziň beýik şahyra bagyşlap ýazan “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly ajaýyp goşgusy ähli ildeşlerimiz tarapyndan uly ruhubelentlik bilen kabul edildi we daşary ýurtlarda-da oňyn seslenme döretdi. Hormatly Arkadagymyzyň milletimiziň baý medeni mirasyny gorap saklamak, öwrenmek we wagyz etmek boýunça ýadawsyz tagallalary, hormatly Prezidentimiziň bu ugurda alyp barýan yzygiderli işleri dünýä bileleşiginiň ýokary bahasyna mynasyp boldy. Magtymguly Pyragynyň öňde boljak 300 ýyllygy bilen bagly mowzuk döwlet Baştutanymyzyň şu ýylyň sentýabr aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyndaky çykyşynda hem beýan edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, ähli medeniýetli adamzat diňe bir dünýä edebiýatyna däl-de, eýsem, tutuş Gündogaryň, bütin dünýäniň medeni ösüşine örän uly goşant goşan beýik ynsanperwer şahyry ýatlaýar we oňa hormat goýýar. Şonda öz çykyşyny Magtymgulynyň «Adamzat» atly goşgusynyň sözleri bilen tamamlap, döwlet Baştutanymyz döredijilikli oý-pikirlere, parahatçylygyň, adalatlylygyň, ösüş ideallaryna wepalylygyň bilelikdäki işlerde esasy we aýdyň ýörelge bolmagyny arzuw etdi.

Şeýlelikde, şanly senä bagyşlanyp geçirilýän we geçirilmegi meýilleşdirilýän ähli çäreler dünýä jemgyýetçiligini Magtymguly Pyragynyň döredijiligi bilen giňden tanyşdyrmaga, onuň gaýtalanmajak zehininiň örän çuňdugyna akyl ýetirmäge, umumylykda bolsa halklaryň arasyndaky dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam eder. Bu ýörelgeler tutuş dünýäde parahatçylyk, ynanyşmak medeniýetini ilerletmekde möhüm şertdir.