Ï «Türkmen Logistika» assosiasiýasynyň agzalarynyň sany artýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Türkmen Logistika» assosiasiýasynyň agzalarynyň sany artýar

view-icon 7139
«Türkmen Logistika» assosiasiýasynyň agzalarynyň sany artýar

«Türkmen Logistika» assosiasiýasy öz hataryna täze agzany – ulagyň ähli görnüşini ulanmak bilen logistika, ulag üpjünçiligi we ýük ugratma hyzmatlaryny hödürleýän «Gadamly inžener» hojalyk jemgyýetini kabul edendigini yglan etdi.

Bu şereket daşamagyň iň amatly bahasynyň, netijeliliginiň, ulag bilen wagtynda üpjün edilmeginiň we resminamalaryň taýýarlanmagynyň, ammar hem ýüklemek işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň her bir müşderä aýratyn çemeleşilmegi bilen utgaşdyrylmagyny özüniň esasy artykmaçlygy hasaplaýar.

2021-nji ýylda döredilen «Gadamly inžener» şereketi hem Türkmenistanda, hem-de GDA ýurtlarynda we bütin dünýäde ýük daşamak işini amala aşyrýar. Şereketiň işi gümrük amallarynda wekilçiligi hem öz içine alýar. Şereket gysga wagtyň içinde uly tejribe toplady we hyzmatdaşlaryň hem agentleriň giň ulgamyny döretdi.

«Türkmen Logistika» assosiasiýasynyň agzalarynyň sanawynyň yzygiderli üstüniň ýetirilip durulmagy hususy şereketleriň barha uly orun eýeleýän türkmen ykdysadyýetiniň ulag pudagynyň okgunly ösüşini görkezýär. «Türkmen Logistika» assosiasiýasy 2020-nji ýylyň 2-nji iýulynda Türkmenistanyň ýedi sany öňdebaryjy ulag, ýük iberiji we logistika şereketleriniň başlangyjy bilen hasaba alyndy. Bu gün bolsa ol 150-den gowrak ulag we logistika kärhanasyny birleşdirýär.

Agzalaryň assosiasiýa birleşmegi olaryň ýokary hünärliliginiň, maliýe durnuklylygynyň we işewürlik abraýynyň tassyklamasy, assosiasiýanyň özi üçin bolsa üstünlikli işi we boýun alan wezipelerini ýerine ýetirmek üçin zerur şert bolup durýar.