Ï Aşgabatda metbugat we sanly sowatlylyk boýunça okuw geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda metbugat we sanly sowatlylyk boýunça okuw geçirildi

view-icon 7023
Aşgabatda metbugat we sanly sowatlylyk boýunça okuw geçirildi

Türkmenistanyň milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Adam hukuklary boýunça Milli hereket meýilnamasyny durmuşa geçirmäge gatnaşýan birnäçe müdirligiň işgärleri ÝHHG-niň Aşgabat merkezinde geçirilen metbugat sowatlylygy boýunça iki günlük okuwa gatnaşdylar.

ÝHHG-niň Aşgabat merkeziniň başlygy ilçi Jon MakGregor çäräni açmak bilen, bu okuwyň Adam hukuklary boýunça Milli hereket meýilnamasynyň metbugat we söz azatlygyna degişli düzgünlerini iş ýüzünde durmuşa geçirmek tagallalarynyň netijeliligine goşant goşjakdygyny aýtdy.

Okuw ermenistanly we moldowaly halkara hünärmenleriň gatnaşmagynda geçirildi, olar häzirki zaman media gurşawy we metbugat mazmunynyň görnüşleri, galp maglumat ýaýradylmagyna garşy göreş we hakykaty barlamagyň esasy gurallarydyr görnüşleri barada gürrüň berdiler.

Okuwa gatnaşýanlaryň arasynda geçirilen çekişmeleriň dowamynda žurnalistleriň dünýäniň dürli künjeginden bolan milli hukuk goraýjy guramalar bilen hyzmatdaşlygynyň tejribesinden mysallar getirildi.

ÝHHG-niň Aşgabat merkeziniň beren habaryna görä, moldowaly halkara hünärmen Nadežda Gogu Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, şeýle hem Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň žurnalistika ugrundan bilim alýan 50-ä golaý talyby üçin metbugat we sanly sowatlylyk boýunça ussatlyk sapagyny geçirdi.