Türkmenistanda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlisiniň işiniň modeli taýýarlandy. Bu çäre Adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasynyň kabul edilmeginiň 75 ýyllygyna we Wena Jarnamasynyň hem Hereket maksatnamasynyň 30 ýyllygyna gabatlap amala aşyryldy.
Bäsleşik Türkmenistanyň BMG bilen barha ösýän hyzmatdaşlygy barada ýaşlaryň habardarlygyny artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy bilen bilelikde ýola goýuldy.
Şeýlelikde, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary BMG-de ynanç bildirilen ilçiler hökmünde çykyş etdiler. Bäsleşigiň netijesinde, birinji orun Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň toparyna, ikinji orun D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyplaryna berildi. Ilkinji üçlügiň ahyrky orunlaryny Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň hem Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary eýelediler.
Ýeňijiler ýadygärlik baýraklar we diplomlar bilen sylaglandy.