ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky we Gruziýadaky wekilhanalary hökümet hyzmatdaşlary bilen bilelikde Türkmenistanyň dürli döwlet edaralaryndan sekiz wekilden ybarat topary üçin Gruziýa okuw saparyny gurady.
23–27-nji oktýabr aralygynda Türkmenistandan bolan wekilleri gruziýaly hyzmatdaşlary bilen çagalara amatly milli adalat ulgamy barada peýdaly maglumatlary almak we bu ugurda tejribe alyşmak üçin duşuşdylar.
Saparyň dowamynda Gruziýanyň degişli hökümet edaralarynyň wekilleri, şol sanda Adalat ministrliginiň, Baş prokuraturanyň we Içeri işler ministrliginiň wekilleri bilen duşuşyklar geçirildi.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary, Gruziýanyň kanun bilen baglanyşykly kynçylyk çekýän çagalar bilen işlemek üçin ulanylýan usullary we tertibi bilen tanyşdylar.
Barnhaus (Çagalar öýi) ýaly jebir çeken we şaýatlary goramak boýunça ýöriteleşdirilen gulluklaryň işine - garşy bolýan çagalara alternatiw höküm we öňüni alyş çärelerine aýratyn üns berildi.