Ï Dümewiň döremek ähtimallygyny azaldýan düzgünler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Dümewiň döremek ähtimallygyny azaldýan düzgünler

view-icon 10489
Dümewiň döremek ähtimallygyny azaldýan düzgünler

Gyş pasly ýakynlaşýar we şonuň bilen birlikde sowuklama ýa-da wirusly keseller hem ýüze çykýar. Awtobusa müneniňde kimdir biri asgyrýar ýa-da gaty üsgürýär. «Dümewläpdir!» diýen pikir aňyňda aýlanýar.

Dümewden nädip saplanmaly?

Limon we ary bal garylan gyzgyn çaýy, umuman, suwuklygy köpräk içmeli. Bu zatlar bedenimiziň talap edýän zadydyr.

Hassalaryň arasynda özlerini belli bir derejede goramagy başarýan adamlar hem bar. Olar dümewiň garşysyna sanjym alýarlar, ýöne bu hem doly gorag däl. Sebäbi, bilşimiz ýaly, dümew wirusynyň ştammlary üýtgäp bilýär we ştammyň bir görnüşiniň garşysyna alnan sanjym beýlekilerden halas edip bilmeýär.

Sowuklamanyň diňe dümew wiruslaryndan däl, eýsem, dem alyş sintisial wiruslary, adenowiruslar we bakteriýalaryň käbir görnüşlerinden hem döreýändigini bilmek möhümdir.

Şeýle ýagdaýda näme etmeli?

Iň esasy zat, ilkinji nobatda, syrkaw adamlardan uzak durmaly. Mümkin boldugyça, köp gök önümleri we miweleri iýmeli, iýmitlenişiňiziň dürlüligini artdyrmaly, gündelik iş tertibine eýermeli, wagtynda ýatmaly we ýeterlik ukyňy almaly, ýeterlik ýyly suw içmeli hem-de elbetde, fiziki maşklar bilen yzygiderli meşgullanmaly.

Tebigat adam saglygy barada örän ýerlikli alada edipdir.

Ol wiruslara we bakteriýalara garşy göreşmek üçin immuniteti ýokarlandyryp biljek ösümliklere baýdyr. Mysal üçin, zenjebil, narpyz, limon we bal ýaly iýmitleri iýmek gaty gowy zat. Olarda köp mukdarda witaminler, minerallar we bedeniň ýokanç kesellere garşy durmak ukybyny ýokarlandyrýan beýleki himiki maddalar bar.

Adaty «unaş» hem sowuklama garşy göreşde örän oňat kömek edýär! Onda diňe bir beloklar, uglewodlar we lipidler däl, eýsem, gyzyl burçlardan tapylan alkaloid kapsaisin hem bar. Ol bedeniň ýokanç kesellere garşy durnuklylygyny ýokarlandyrýar.

Bularyň hemmesi kyn zat ýaly bolup görünýär, ýöne şular ýaly düzgünleri berjaý etmek nädogry bejerilse kynçylyklara sebäp bolup biljek ýokanç keseller bilen kesellemek ähtimallygyny ep-esli derejede azaldar.

Eger-de burnuň akmasy bejerilmese, ol gaýmorite, şeýle hem tonzillite (bokurdagyň galmagy diýip hemmelere mälim) sebäp bolup biler, ol bolsa çylşyrymlylygy rewmatizmi ýa-da ýürek-damar kesellerini döredip biler. Saglyk bilen bagly kynçylyklaryňyz bar bolsa, onda hökman lukman bilen maslahatlaşyň! Her bir keseliň sebäbini kesgitleýän we dogry bejergi belleýän lukmanlardyr.