Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi B.Durdyýew 2023-nji ýylyň 23–25-nji oktýabrynda Koreýa Respublikasynyň Suwon şäherinde geçirilen sekizinji Aziýa-Ýuwaş umman şäherleriň forumynda çykyş edip, gatnaşyjylara soňky ýyllarda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda howpsuz, ýokary hilli ýaşaýyş jaýlara ähli ýaşaýjylaryň elýeterliligini üpjün etmek maksady bilen uly şäher gurluşyk maksatnamalarynyň işjeň durmuşa geçirilýändigini habar berdi.
Şeýle köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlaryny göz öňünde tutup, şäher meýilnamalaşdyrylyşyna berk ygrarlydygyny, täze Arkadag şäheri ýaly «akylly» şäherleriň döremeginiň innowasion çözgütleri we durnukly ösüş strategiýalaryny kesgitlemäge mümkinçilik berendigini aýtdy.
Sekizinji Aziýa-Ýuwaş umman şäher forumy BMG-niň Aziýa we Ýuwaş umman ykdysady we sosial komissiýasy (ESCAP) hem-de Suwon şäher häkimligi, Koreýa Respublikasynyň ýer, infrastruktura we ulag ministrligi, BMG-Habitat, Halkara «Habitat adam üçin» we «CityNet» assosiasiýasy bilen bilelikde guraldy.
Foruma milli we ýerli hökümetiň, seljeriş merkezleriniň, hususy pudagyň, raýat jemgyýetiniň we sebitiň ýaşlar guramalarynyň 1800-den gowrak wekilleri gatnaşdy.
Üç gün dowam eden forumyň esasy maksady durnukly şäher ösüşini gazanmak üçin innowasion çözgütleri, bilelikdäki hereketleri we netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek bolup durýar.
Ilçiniň belleýşi ýaly, Arkadag şäherini gurmak tejribesi «akylly» şäherleriň ykdysady abadançylygy Durnukly ösüş bilen sazlaşykly birleşdirip biljekdigini görkezýän nusga bolar.
ATR ýurtlaryň innowasiýa we «ýaşyl» çözgütleri Durnukly ösüş strategiýasy bilen birleşdirip, bu tejribeden peýdalanyp bilerler.
Arkadag şäheri dürli ugurlarda gazanylan üstünlikleri tassyklaýan halkara şahadatnamalarynyň eýesidir.
Şunuň bilen birlikde, resminama hökümetleri Durnukly ösüş maksatlaryna, Pariž şertnamasyna we «Täze şäher gün tertibine» ýetmek üçin çäreleri işjeňleşdirmäge çagyrýar.