Ï Türkmenistanyň wekiliýeti «Global Gateway» forumyna gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň wekiliýeti «Global Gateway» forumyna gatnaşdy

view-icon 3640
Türkmenistanyň wekiliýeti «Global Gateway» forumyna gatnaşdy

2023-nji ýylyň 25-26-njy oktýabrynda Brýusselde geçirilen foruma gatnaşanlar ÝB-niň «Global Gateway» strategiýasyny durmuşa geçirmekdäki öňegidişligi ara alyp maslahatlaşdylar.

ÝB-niň we hyzmatdaş ýurtlaryň ýolbaşçylaryny hem wekillerini, şeýle-de hususy pudagyň we beýleki gyzyklanýan taraplaryň wekillerini bir ýere jemlän forumyň işine Türkmenistanyň wekiliýeti-de gatnaşdy.

«Global Gateway» başlangyjy 2021-nji ýylyň 1-nji dekabrynda sanlylaşdyrma, energetika, ulag, saglygy goraýyş, bilim we ylmy agtaryşlar ýaly ugurlarda ýokary tehnologiýaly, ekologiýa taýdan arassa, howpsuz we ygtybarly global arabaglanyşyklary ösdürmek üçin Ýewropanyň täze strategiýasy hökmünde işe girizildi.

«Global Gateway» maýa goýum maksatnamasynyň çäginde has oňat infrastrukturanyň özara baglanyşygyna, olaryň ýaşyl we sanly ulgama geçişini çaltlaşdyrmaga we halklarynyň saglygyny hem bilimini ýokarlandyrmak üçin zerur bolan esasy infrastrukturasyny berkitmäge kömek etmek arkaly ÝB-niň hyzmatdaşlarynyň ykdysady we sosial ösüşini goldamak meýilleşdirilýär.

Forumda eden çykyşynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Serdar Joraýew ýurdumyzyň infrastrukturasynyň häzirki ýagdaýy we geljekdäki ösüşi barada gürrüň bermek bilen, sebitara baglanyşygy we energiýa howpsuzlygyny berkitmek üçin Türkmenistanyň ulag we energetika ugurlaryny dürlüleşdirmek boýunça halkara taslamalaryň ähmiýetine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, Ýewropa üçin gyzyklanma döredip biljek ulag pudagynda ileri tutulýan sebitleýin maýa goýum taslamalary kesgitlenildi.

Forumyň çäginde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri bilen Ýewropanyň Dikeldiş we ösüş bankynyň Prezidenti Odil Reno-Basso duşuşdy. Duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary we ileri tutulýan jähetleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şol gün Türkmenistanyň wekiliýetiniň gatnaşmagynda ÝB bilen Halkara Söwda Merkeziniň arasynda «Türkmenistan – ÝB: Söwda durnuklylygyny we integrasiýasyny ýokarlandyrmak» taslamasynyň durmuşa geçirilmegi baradaky şertnama gol çekmek dabarasy bolup geçdi. ÝB bilen HSM-niň bilelikdäki taslamasy BSG-ä girmek işinde Türkmenistana goldaw bermek üçin döredilipdi.

Gol çekişlik dabarasynyň çäginde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri ýurdumyzyň dünýä söwda ulgamyna işjeň goşulyşýandygyny bellemek bilen, onuň kadalaşdyryjy hukuk binýadyny BSG kadalaryna we ülňülerine laýyklykda kämilleşdirmek üçin Türkmenistan tarapyndan görülýän çäreleriň möhümdigini nygtady.