Ï Türkmenistanda güýzki ählihalk bag ekmek dabarasy geçiriler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda güýzki ählihalk bag ekmek dabarasy geçiriler

view-icon 6402
Türkmenistanda güýzki ählihalk bag ekmek dabarasy geçiriler

4-nji noýabrda Türkmenistanda ýene bir ekologiýa çäresi – ählihalk bag ekmek dabarasy geçiriler. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň golaýda geçirilen mejlisinde degişli ýolbaşçylara bu çäräniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmekligi tabşyrdy.

Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän Milli tokaý maksatnamasy şäherleriň we obalaryň töwereginde bagly meýdanlaryň artdyrylmagyny göz öňünde tutýar. Geçen ýyl bag ekmek işleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde Aşgabat BMG-niň Ýewropa ykdysady toparynyň başlangyjyna ýardamy we goşandy üçin Halkara - şahadatnamasy bilen sylaglandy.

Häzirki wagtda paýtagtymyzda we Arkadag şäherinde nahallar hem-de olary ekmek üçin bölünip berlen ýerler taýýarlanylýar. Güýzki ählihalk bag ekmek dabarasynyň çäklerinde dürli görnüşli pürli we ýaprakly agaçlar ekiler.

 Ozaldan gelýän däbe görä, giň gerimli bag ekmek dabarasyna ýurdumyzyň ilaty, talyplar we jemgyýetçilik guramalary işjeň gatnaşarlar