Her ýylyň 31-nji oktýabrynda bellenilýän Bütindünýä şäherler güni mynasybetli Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministrliginiň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynda okuw sapagy geçirildi.
Bu okuw sapagy Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, geografiýa fakultetiniň 5-nji ýyl talyplary üçin niýetlenildi.
Okuw sapagy BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen bilelikde durmuşa geçirilýän “Türkmenistandaky Durnukly şäherler: Aşgabatda we Awazada ýaşyl şäherleriň toplumlaýyn ösüşi” taslamasynyň çäginde geçirildi.
Bu çäre BMG-niň noýabr-dekabr aýlarynda Dubaýda Howanyň üýtgemegi boýunça her ýyl geçirilýän konferensiýasynyň (COP 28) öňüsyrasynda bilim paýlaşmak üçin meýdança boldy.
Şeýle hem 3-nji noýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň ýaşlarynyň howanyň üýtgemegi boýunça milli konferensiýasy - 2023 (LCOY) geçiriljekdigini hem bellemelidiris.
Ol Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň guramagynda BMG-niň ýurdumyzdaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy, Beýik Britaniýanyň we BAE-nyň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalary bilen bilelikde geçiriler.