Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýuna bagyşlanan çäre geçirildi.
Institutyň diller kafedrasy tarapyndan guralan ylmy-döredijilik konferensiýa mugallymlaryň we talyplaryň gatnaşmagynda «Magtymguly Pyragynyň döredijiligi – paýhas çeşmesi» at bilen geçirildi.
Konferensiýada institutyň talyplarynyň diňleýjileriň dykgatyna hödürlän ylmy çykyşlary ýaňlandy. Konferensiýa gatnaşanlaryň çykyşlarynda türkmen halkynyň beýik şahyrynyň ömri we döredijiligi barada gürrüň berildi. Talyplar öz çykyşlarynda Magtymgulynyň liriki eserleriniň kompozisiýasynyň aýratynlygyny, olaryň çeper özboluşlylygyny we gaýtalanmazlygyny, şahyrana sözlere baýlygyny nygtadylar.
Duşuşygyň dowamynda talyplar şahyryň çuňňur manydan, paýhasly pikirlerden we belent ideýalardan doly duýgusal goşgularyny aýratyn buýsanç bilen okadylar. Ähli döwrüň we halklaryň şahyrynyň Ýer togalagynyň dürli künjeklerindäki halklaryň kalbynda seslenme tapýan eserleri şol gün hem türkmen, hem daşary ýurt dillerinde aýratyn ylham bilen ýaňlandy. Zehinli talyplar şahyryň sözlerine watançylyk aýdymlaryny ýerine ýetirdiler.
Konferensiýa Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly baýram etmek boýunça meýilnamanyň, şeýle hem Türkmenistanda daşary ýurt dillerini öwretmegi kämilleşdirmek ýörelgesini amala aşyrmagyň çäginde geçirildi.
Şeýle duşuşyklaryň ýene biri Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty tarapyndan Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Mary welaýat we şäher komitetleri bilen bilelikde guraldy.
«Magtymguly – ylham çeşmesi» adyny alan we beýik nusgawy şahyryň 300 ýyllygyna bagyşlanan döredijilik duşuşygynda Magtymguly Pyragynyň gyzykly we baý terjimehaly, ajaýyp eserleriniň ýokary ähmiýeti boýunça talyplaryň çykyşlary boldy.
Elbetde, duşuşygyň maksatnamasynyň hökmany bölegi talyplaryň ýerine ýetirmeginde Magtymgulynyň tomaşaçylaryň joşgunly duýgularyna we el çarpyşmalaryna sebäp bolan kalba ýakyn goşgularynyň çeper okalyşydy. Şahyryň Watana bolan çyn söýgi, dostluk, hoşniýetlilik, duýgudaşlyk we düşünişmek, durmuşyň manysy barada jandan syzdyryp ýazan setirlerinde tutuş döredijiligi bilen öz halkyna hyzmat eden adamyň agzybirlik, jebislik we parahatlyk, garaşsyz döwlet gurmak maksatlary baradaky arzuw-hyýallary öz beýanyny tapypdyr.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar duşuşygyň geçirilmeginiň eserleri tükeniksiz ylham çeşmesi, ahlak, watançylyk, gaýduwsyzlyk we ýaş nesil üçin göreldeli bilim mekdebi bolup durýan beýik şahyr, türkmen nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutan Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasynyň mundan beýläk-de öwrenilmegine we giňden ýaýramagyna goşant goşjakdyklaryna ynam bildirdiler.