Ï Türkmenistan we Eýran: syýahatçylyk hyzmatdaşlygynyň geljegi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan we Eýran: syýahatçylyk hyzmatdaşlygynyň geljegi

view-icon 3752
Türkmenistan we Eýran: syýahatçylyk hyzmatdaşlygynyň geljegi

Türkmenistanyň Döwlet sungat akademiýasynyň sergi zalynda Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň syýahatçylyk we amaly sungat sergisi açyldy.

Sergide adaty halk senetleriniň özboluşly esbaplary, el işiniň çeper önümleri, türkmen we eýran sungat ussatlarynyň milli miraslary we häzirki zaman ugurlary görkezilýär.

Ýöriteleşdirilen serginiň açylyşy mynasybetli ýurdumyzyň syýahatçylyk guramalarynyň wekilleri eýranly kärdeşleri bilen hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistan bilen Eýranyň umumy medeni we taryhy kökleri, şeýle hem umumy serhedi bar. Iki ýurduňam çäklerinde jahankeşdeleri özüne çekjek köp sanly taryhy ýadygärlikler saklanyp galypdyr. Mysal üçin, Eýranyň Gülüstan welaýatynyň Aktokaý diýen ýerinde türkmen şahyrlary we alymlary Magtymguly Pyragy bilen kakasy Döwletmämmet Azadynyň guburlary bar.

Iki ýurduň syýahatçylyk şereketleriniň wekilleri Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymgulynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024-nji ýylda baýram ediljekdigini göz öňünde tutmak bilen, bu aramgähe zyýarat saparlaryny guramagyň mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar.

Mundan başga-da, duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda ýakyn medeni alyş-çalşygyň ýola goýulandygy bellendi. Mysal üçin, fewral aýynda Aşgabatda Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirildi. Şu ýylyň noýabr aýynda bolsa Yspyhan şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Syýahatçylyk sergisiniň açylyş dabarasynda eden çykyşynda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisiniň orunbasary Mahmud Sadegi medeni çäreleri geçirmek üçin döredilen mümkinçilikler üçin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallygyny bildirdi.