Ï Aşgabatda «Daewoo E&C»-yň şahamçasy açyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda «Daewoo E&C»-yň şahamçasy açyldy

view-icon 13451
Aşgabatda «Daewoo E&C»-yň şahamçasy açyldy

Aşgabatda «Daewoo Engineering & Construction Co.»-nyň – Koreýa Respublikasynyň dürli bazarlarda inženerlik we binagärlik-gurluşyk hyzmatlarynyň giň toplumyny hödürleýän iň uly gurluşyk kärhanalarynyň biriniň şahamçasynyň açylyşy boldy. Bu kärhana dünýäniň onlarça ýurdunda iş alyp barýar we 13 ýurtda şahamçasy bar.

Aşgabatda şahamçasynyň açylmagy Günorta Koreýa kärhanasyna Türkmenistanda eýeleýän ornuny berkitmäge mümkinçilik berer. Ol eýýäm «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen hyzmatdaşlykda birnäçe taslamany durmuşa geçirmegiň üstünde işleýär. Bular Türkmenistanyň sebitlerinde tebigy gazy gaýtadan işlemek esasynda ammiak, karbamid we fosfat dökünlerini öndürýän zawodlaryň gurluşyk taslamasydyr.

«Daewoo E&C» diňe bir uglewodorod çig mallaryny satmak meselesinde Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaşy bolmaga çalyşmak bilen çäklenmän, eýsem, energetika, ulag we infrastruktura pudaklaryndaky beýleki geljegi uly taslamalara gatnaşmaga-da gyzyklanma bildirýär. Kärhana, hususan-da, Arkadag «akylly» şäheriň maksatnamasynyň ikinji tapgyryna gatnaşmak mümkinçiligini öwrenýär.

«Daewoo E&C» şahamçasynyň açylyş dabarasy Türkmenistanyň gurluşyk, senagat we elektrik energetikasy boýunça wise-premýeriň Baýmyrat Annamämmedow, Koreýa Respublikasynyň «Merkezi Aziýa – Günorta Koreýa» 16-njy Hyzmatdaşlyk Forumyna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Daşary işler ministri Park Jin we «Daewoo E&C» kärhansynyň başlygy Çoň Won Çžuwuň gatnaşmagynda geçirildi.