Günorta Koreýaly «ONDO» döredijilik toparynyň agzalary aşgabatly pop muşdaklarynyň ünsüni özüne çekdi. Howa ýollarynda ulag agdyklygy sebäpli, çykyşlarynyň bir gün yza süýşürilmegi bolsa bu topara bolan gyzyklanmany hasam artdyrdy, şonuň üçin-de onuň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda beren konsertinde «Göge alma atsaň, ýere düşmezdi». Zalda oturanlaryň aglabasy bolsa «keý-pop» saz ugruny halaýan ýaşlardy. Ýeri gelende aýtsak, «ONDO» toparynyň sazandalarynyň ortaça ýaşy-da 27-dir.
«Salam!» diýip, gitaraçy Lukku tomaşaçylara türkmen dilinde salam berdi, şeýtmek bilen-de, tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalaryny döretdi. «Köp sag boluň!» diýip, ol el çarpyşmalar üçin minnetdarlyk bildirdi. Aýdymçylar bilen tomaşaçylaryň arabaglanyşygy tutuş agşam dowam etdi.
Üç pikirdeş adamdan ybarat bolan «ONDO» topary, bütin dünýäde meşhurlyk gazanan başga bir koreý aýdym-saz toparynyň – «BTS»-iň täsiri astynda döredilipdir. Konsert hut «BTS»-iň repertuaryndan «Butter» («Ýag») aýdymy bilen açyldy. Aýdymçy Çungseul, kakylyp çalynýan gurallarda bolsa Minhoon saz çaldy.
Ýigitler näme hakda aýdym aýdyp bilerler? Elbetde, arzuwlar, söýgi, öz magşuklary, dünýämiziň gözelligi hakynda... Muňa ýerine ýetirilýän aýdymlaryň atlary-da şaýatlyk edýärdi – «Guçsam diýip, arzuw edýän», «Sen – mylaýym gyz», «Är ömri ötdi, duýgular ötmedi», «Sen – gözeller gözeli», «Tomusdan ara» we başgalar.
Wokalçy Çungseul aýdymlaryň birini «taýsyz aýdym» diýip tanatdy, çünki şuňa meňzeş aýdym her bir ýurtda-da bar: bu – hüwdi. Çungseul aýdyma başlady welin, koreý bäbeklerini ukladýan mylaýym saz zaly gurşap aldy.
– Türkmenistan – ajaýyp ilatly owadan ýurt – diýip, Çungseul hoşlaşanda aýtdy. – Men siziň ýurduňyza gelendigime çäksiz begenýärin.
«ONDO» toparynyň «Aşgabat» kinoteatrynda koreý filmleriniň görkezilmegi bilen birlikde geçen konserti Türkmenistanda koreý medeniýetiniň hepdeliginiň bir bölegi bolup, halklarymyzyň arasyndaky halkara dostluk gatnaşyklarynda agzybirligimizi ýene bir gezek görkezdi. Bu hakykat Aşgabady dünýäniň döredijilik şäherleriniň sanawyna goşmak kararyna gelmekde ÝUNESKO-nyň mamladygyny tassyklaýar.