3-nji noýabrda Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasynyň (UNFPA) ýurt boýunça edarasy žurnalistleriň metbugatda gender mowzugyny beýan etmekde hünärlerini ýokarlandyrmak boýunça okuw gurady.
Okuw çäresine Gazagystandan halkara hünärmenler: gender zorluga garşy göreş boýunça Merkezi Aziýa bileleşiginiň jemgyýetçilik gatnaşyklary boýunça hünärmeni Madi Mambetow we «BeGlobe» aragatnaşyk gullugynyň müdiri Natalýa Sludskaýa dagy çagyryldy. Çykyş edenler žurnalistlere we blogçulara metbugatda ahlak kadalarynyň berjaý edilişi barada wideokonferensiýa görnüşinde gürrüň berdiler.
Çäräniň dowamynda köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde gender babatda lenç edilen usullara täzeden gaýdylyp gelinmegi gender deňligi we aýal-gyzlaryň hukuklaryny üpjün etmekde esasy päsgelçilikleriň biri hökmünde ara alnyp maslahatlaşyldy. Gender jähetleri sanly giňişlikde şöhlelendirmegiň aýratynlyklary baradaky mowzugyň üstünde-de durlup geçildi.

Okuwyň maksady oňa gatnaşýanlaryň gender taýdan duýgur žurnalistikadan habardarlygyny ýokarlandyrmakdyr. Bu çäre her ýyl 25-nji noýabrda bellenilip geçilýän Halkara aýal-gyzlara garşy zorlugy ýok etmek gününe gabat getirilip geçirildi.