Ï Aşgabatda gümrük we serhet gulluklarynyň işini gowulandyrmak boýunça seminar geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda gümrük we serhet gulluklarynyň işini gowulandyrmak boýunça seminar geçirildi

view-icon 2367
Aşgabatda gümrük we serhet gulluklarynyň işini gowulandyrmak boýunça seminar geçirildi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň we onuň Okuw merkeziniň işgärleri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň serhet we gümrük müdirlikleriniň bilim edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Birleşiginiň sebitleýin seminaryna gatnaşdylar.

Bu seminar Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýada serhet dolandyrylyşyna ýardam maksatnamasy tarapyndan «Serhet gulluklarynyň edarawy ösüşi» mowzugyndan guraldy. Çäräniň esasy maksady işgärleri taýýarlaýyş ulgamynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, şeýle hem gümrük we serhet müdirlikleriniň okatmagyň täsirli usullaryny işläp düzmek meseleleri boýunça Merkezi Aziýadaky bilim edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak we tejribe alyşmakdyr.

Seminara gatnaşanlara hyzmatdaşlygy ösdürmek we bilim işindäki täzelikler, şeýle hem tälimçi alyş-çalşygyna ýardamy-da goşmak bilen, bilim bermek işinde iň oňat tejribe barada maglumat alyşmak üçin ýerlik hödürlendi. Seminaryň barşynda oňa gatnaşýanlaryň ýolbaşçylyk we işgärleri dolandyrmak ugrundaky başarnyklaryny ösdürmek boýunça sapak geçirildi. Sapaga gatnaşanlar hünäri ülňüler ulgamy bilen tanyşdylar we Merkezi Aziýa hem ÝB ýurtlarynda mugallymlary höweslendiriş we olaryň işine baha beriş ulgamyny ulanmak boýunça tejribe alyşdylar.

Seminarda uzak aralyk okuw görnüşini, şeýle hem ýerlerde okatmak, tanyşlyk saparlary we müdirlikler arasyndaky mugallym alyş-çalşygyny-da öz içine alýan okuwyň mowzuklaryny we görnüşlerini görkezmek bilen taýýarlanan ýyllyk hyzmatdaşlyk meýilnamasy ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň Döwlet serhet institutyna baryp görmek nazary sapaklaryň üstüni ýetirdi. Institutyň işi bilen tanyşanlaryndan soň, maslahata gatnaşyjylar häzirki zaman tehniki enjamlar bilen üpjün etmek we institutyň mugallymlary tarapyndan okuwyň barşynda ulanylýan innowasion ösüşler barada teklipleri berdiler.