Ï Türkmenistan ÝUNESKO-nyň Baş maslahatynyň 42-nji mejlisine gatnaşýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan ÝUNESKO-nyň Baş maslahatynyň 42-nji mejlisine gatnaşýar

view-icon 3104
Türkmenistan ÝUNESKO-nyň Baş maslahatynyň 42-nji mejlisine gatnaşýar

7-nji noýabrda Parižde ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň 42-nji mejlisi başlandy, ol işini 22-nji noýabra çenli dowam etdirer. Mejlisleriň barşynda agza döwletleriň wekilleri ÝUNESKO-nyň ýolbaşçy edaralaryna hem hökümetara we halkara maksatnamalaryna saýlawlar geçirerler. 42-nji mejlisiň çäginde ÝUNESKO-nyň umumy syýasaty, neýrotehnologiýalary ahlaky ulanmak boýunça teklipler ara alnyp maslahatlaşylar, şeýle hem guramanyň hyzmatdaşlarynyň we ýaşlar forumy geçiriler.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugynyň berýän habaryna görä, 2023-nji ýylyň 6-njy noýabrynda ÝUNESKO-nyň Pariždäki Baş edarasynda bu guramanyň agza ýurtlarynyň ÝUNESKO boýunça Milli komissiýalarynyň 10-njy sebitara maslahaty bolup geçdi. Oňa Türkmenistanyň ÝUNESKO boýunça Milli komissiýasynyň sekretary Ç.Rustamowa gatnaşdy.

Mejlisiň barşynda gün tertibinde duran möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga aýratyn üns berildi, şol sanda hasabatlar gözden geçirildi, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn başlangyçlar seljerildi, şeýle hem sebit gurluşlary bilen ÝUNESKO-nyň Milli komissiýalarynyň işleşmek tejribesini gowulandyrmak barada pikir alşyldy.

Bu sebitara maslahat ÝUNESKO boýunça Milli komissiýalaryň 2022 –2029-njy ýyllar üçin orta möhletli strategiýasyny we 2026 – 2029-njy ýyllar üçin býujetini durmuşa geçirmäge, Milli komissiýalaryň bu guramanyň maksatnamalaryny durmuşa geçirmekdäki we strategik özgertmelerdäki orny barada pikir alyş-çalşygy üçin ýerlik bilen üpjün etmäge täsirli goşant goşmak islegini görkezdi.

ÝUNESKO-nyň Baş müdiri Odri Azuläniň 2023-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda kabul eden türkmen paýtagty Aşgabady «Dizaýn» kategoriýasynda ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleri ulgamyna goşmak baradaky karary Türkmenistanyň ÝUNESKO işleri boýunça Milli Komissiýasynyň dürli komitetler we bu guramanyň halkara bilermenleri bilen işjeň arabaglanyşygynyň subutnamasy boldy. ÝUNESKO-nyň 2004-nji ýylda döredilen döredijilik şäherleri ulgamyna ösüş strategiýasynda medeniýet we döredijilik ýörelgelerine ygrarly we adama gönükdirilen meýilnamalaşdyryşyň innowasion usullaryny ulanýan şäherleriň goşulmaga hukugy bardyr.