Ï Türkmenistanda Filippinler Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda Filippinler Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady

view-icon 3192

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Filippinler Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Roberto G.Manalodan ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasynda köpugurly hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak, halklarymyzyň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça asylly işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekili hoşniýetli sözler hem-de türkmen topragynda myhmansöýer kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, öz gezeginde, Filippinler Respublikasynyň ýolbaşçylarynyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa we Türkmenistanyň ähli halkyna bagtyýarlyk, ägirt uly özgertmeler ýolunda täze üstünlikleri gazanmak baradaky iberen iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Duşuşygyň barşynda ilçi ýurdumyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek bu syýasatyň üýtgewsiz ugry bolmagynda galýar. Nygtalyşy ýaly, Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň durmuş-ykdysady ösüşini, türkmenistanlylaryň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek amala aşyrylýan özgertmeleriň baş maksadydyr. Şunuň bilen baglylykda, durmuş syýasatynyň esasy ugurlaryna aýratyn üns çekildi. Onuň çäklerinde ylym-bilim, saglygy goraýyş we beýleki ulgamlarda özgertmeler amala aşyrylýar.

Filippinler Respublikasynyň doly ygtyýarly wekiline Mejlisiň düzümi, onuň döwletimiziň kanunçylyk-hukuk binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmagyň çäklerinde alyp barýan köpugurly işi barada giňişleýin gürrüň berildi. Şunuň bilen baglylykda, özara düşünişmegi we ynamy berkitmek, netijeli döwletara hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen, ýakyn parlamentara gatnaşyklary ýola goýmak baradaky teklip beýan edildi.

Duşuşygyň ahyrynda Filippinler Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Roberto G.Manalo ynanyşmak, özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de yzygiderli çuňlaşdyrylmagy ugrunda öz tarapyndan ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

* * *

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap SerdarBerdimuhamedowa

Gadyrly dostum!

Men jenap Roberto G.Manalony Filippinler Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine belledim. Ol biziň ýurtlarymyzyň özara bähbitlerine we döwletimiziň Türkmenistan bilen öňden gelýän dostlukly gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga hem-de ösdürmäge bolan anyk tagallalaryny içgin bilýär. Jenap Roberto G.Manalonyň belent şahsy häsiýetleri onuň öz wezipesini döwletlerimiziň netijeli hyzmatdaşlygynyň bähbidine mynasyp derejede ýerine ýetirjekdigine ynam döredýär.

Siziň Alyhezretiňiz, ony hoşniýetli kabul etmegiňizi hem-de Filippinler Respublikasynyň adyndan ähli beýan etjeklerine, hususan-da, meniň Siziň Alyhezretiňize rowaçlyk we Türkmenistana gülläp ösüş baradaky iň gowy arzuwlarymy ýetirende, oňa doly ynanmagyňyzy haýyş edýärin!

Beýik Biribar Sizi öz penasynda aman saklasyn!

Dostlukly gatnaşyklara ygrarlydygymy beýan etmek bilen,

Ferdinand R.Markos,

Filippinler Respublikasynyň Prezidenti.