Ï Taryhy baý halk röwşen geljegi kemala getirmäge ukyplydyr
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Taryhy baý halk röwşen geljegi kemala getirmäge ukyplydyr

view-icon 2266
Taryhy baý halk röwşen geljegi kemala getirmäge ukyplydyr

Ýakynda Merkezi Aziýa döwletleriniň wekiliýetleri Hytaý Halk Respublikasyna on günlük iş saparynda boldular. Çäräniň guramaçylary — Hytaýyň «Parahatçylyk we ýaragsyzlanmak ugrunda assosiasiýasy» sebitiň öňdebaryjy analitikleri we bilermenleri duşuşyklara, söhbetdeşliklere we dessin-saparlara çagyryp, HHR-iň soňky ýyllardaky gazananlarynyň we üstünlikleriniň mysalynda umumy tagallalar bilen döwleti döwrebaplaşdyrmagyň nusgasyny bilelikde işläp düzdüler we üstünlikleri aýdyň görkezdiler. Şol bir wagtyň özünde, çäräni teklip edenler seljerme we döwrebaplaşdyryş taslamalary boýunça hünärmenler bilen pikir alyşmakda häzirki zaman jemgyýetçilik ösüşiniň ýollary we geljegi barada başga alternatiw pikirler bilen tanyşmagy niýet edindiler.

Çäräniň guramaçylarynyň bu pikiri elbetde, sebit derejesinde-de, dünýä derejesinde-de dowam edýän ählumumy syýasy ýagdaýlary çözmäge öz garaýyşlary we çemeleşmeleri bolan dürli ýurtlara wekilçilik edýän bilermenleriň göwnünden turdy.

Bilermenler derejesinde jemgyýeti döwrebaplaşdyrmak meseleleri boýunça «aňa agram salmak» özboluşly pikir alyşmada Türkmenistandan ilkinji gezek Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategiki barlaglar ylmy merkeziniň işgärleri wekilçilik etdiler.

Işläp başlanyna kän wagt geçmändigine garamazdan, merkez we onuň işgärleri öz ylmy çaklamalary, hasaplamalary we hasabatlary bilen eýýäm sebit syýasatynyň dürli ugurlary boýunça özüni gowy taraplardan görkezdiler. Jemgyýetçilik ösüşini döwrebaplaşdyrmak ugurlary boýunça türkmen hünärmenleriniň hytaý bilermenleriniň forumyna çagyrylmagy hem, belki, şunuň bilen baglanyşyklydyr. Foruma Türkmenistanyň analitiklerinden başga-da, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we beýleki ýurtlaryň syýasatçylarydyr bilermenleri gatnaşdylar.

HHR-e saparynyň maksatnamasyna laýyklykda, syýasatşynaslar we bilermenler Pekine, Şanhaýa, Inine, Horgosa we Urumçä baryp gördüler. Köp sanly duşuşyklar we söhbetdeşlikler Hytaýyň Kooperatiwleri goldaşmak we marketing federasiýasyna sapar bilen başlandy, bu gurluşlaryň we elementleriň HHR-iň ykdysadyýeti üçin ähmiýeti barada habar berildi. Bu ýerde Merkezi Aziýa sebitiniň hünärmenleriniň kooperatiw hereketini ösdürmek we Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan başlap öz ýurtlarynda bazar gatnaşyklaryny ösdürmek bilen baglanyşykly marketing meseleleri bilen tanyşdyklaryny bellemek artykmaçlyk etmese gerek. Şunuň yzysüre Hytaýyň ykdysady hyzmatdaşlyk merkeziniň direktory Ýang Sung bilen bolan duşuşykda ol öz çykyşynda häzirki döwürde HHR-iň ykdysadyýetiniň, şol sanda muňa uly goşant goşýan kooperatiw hereketine esaslanýan aýratynlyklary we üstünlikleri barada jikme-jik gürrüň berdi.

Netijede, çäreleriň guramaçylarynyň meýline laýyklykda, «Parahatçylyk we ýaragsyzlanmak ugrunda assosiasiýasynyň» wise-prezidenti jenap Ýu Hongjunyň we assosiasiýanyň baş direktorynyň orunbasary hanym Çeng Sýaohanyň gatnaşmagynda geçirilen duşuşykda Merkezi Aziýa sebiti ýurtlarynyň we Hytaýyň ykdysadyýetleriniň ösüşi we gatnaşyklary bilen baglanyşykly umumy söhbetdeşlikler geçirildi. Hususan-da, energetika, oba hojalygy, söwda we ulag-kommunikasiýa gatnaşyklary meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanly hünärmenler duşuşykda eden çykyşlarynda diňleýjileriň ünsüni Türkmenistanyň ýangyç-energetika, ulag-logistika, ýurduň ynsanperwer-medeni mümkinçilikleri bilen baglanyşykly artykmaçlyklaryna çekdiler.

Söhbetdeşliklerde üns bermeli zatlar bardy. Birinjiden, HHR-iň ykdysady ösüş nusgasy, esasan, senagat eksportyna gönükdirilendigi bilen tapawutlanýar. Ikinjiden, döwletiň gatnaşmagy dürli derejelerde ykdysady ösüşe güýçli täsir edýär. Ýörite döredilen ykdysady zolaklar hem muňa oňyn goşant goşýar. Elbetde, üstünlikli ykdysady ösüş üçin ýurtda durnuklylygy saklamagyň zerurdygy biragyzdan bellendi.

Näçe gowy bolsa-da, islendik taslama ol köp babatda taslamany kimiň durmuşa geçirýändigine we ýerine ýetirýändigine baglydyr. Şanhaý administratiw institutynda bu ýokary okuw mekdebiniň ýolbaşçylarydyr professorlar düzüminiň gatnaşmagynda geçirilen duşuşykda bu aýratyn nygtaldy. Şunda uly möçberli, şol sanda döwlet derejesinde bellenilýän we meýilleşdirilýän taslamalary durmuşa geçirmek üçin zerur ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylyşy barada gürrüň edildi. Çäräniň guramaçylary Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlarynyň şuňa meňzeş bilim edaralary we akademiýalary bilen ýakyn gatnaşyklary ýola goýmaga taýýardyklaryny aýtdylar. Hytaýlylaryň döwlet derejesinde guran köp basgançakly, oýlanyşykly ulgamynyň ýurduň ykdysadyýetiniň ösüşine täsir edýän ýagdaýlary hemmetaraplaýyn göz öňünde tutýandygy aýan we düşnükli boldy.

Erkin söwda zolaklaryny guramagyň netijeliliginiň we peýdalydygynyň amaly mysaly hökmünde çäräniň ýerli guramaçylary Merkezi Aziýa sebitiniň bilermenlerini Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom sebitiniň Horgos şäherindäki hytaý-gazak serhetýakasyndaky şeýle sebit bilen tanyşdyrdylar.

Merkezi Aziýa sebitiniň hünärmenleriň gatnaşmagynda forumyň geçirilen döwri hemme ýerde diýen ýaly HHR-iň köpmilletli ilatynyň milli aýratynlyklaryny, durmuşyny we medeniýetini görkezýän medeni çäreler guraldy.

Hytaý ykdysadyýetiniň uly üstünlikleri, döwrebaplaşdyrmagyň görnüşlerini we usullaryny saýlamagy bilen birlikde, hytaý alymlarynyň we bilermenleriniň köpüsi döwrebaplaşdyrmagy gönüden-göni alyp ulanaýmaly nusgasynyň bolup bilmejekdigini nygtaýarlar. Döwleti we ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak dürli görnüşlidir, dürli nusgalara we dürli düzgünlere laýyklykda amala aşyrylýar. Ýurduň öz ýoluny saýlap almagy belli bir derejede onuň mirasyna baglydyr, onuň ähmiýeti bolsa juda köpdürlüdir. Şundan baý taryhy bolan halkyň röwşen geljegi kemala getirmek üçin ähli mümkinçilikleri bar diýen netije gelip çykýar.